Ýuwentus De Ligtiň öwezini doldy

Esasy goragçysy Matteýs de Ligti Bawariýa ugradan Ýuwentus topary dessine niderland oýunçynyň öwezini doldy. Ýuwentus topary şäheriň beýleki kluby Torinonyň goragçysy Gleýson Bremeri transfer etdi. 25 ýaşyndaky braziliýaly goragçynyň transferi üçin Ýuwentus topary Torino klubuna 40+7 million ýewro berer.

Geçen möwsüm Serie A-da 33 duşuşykda meýdança çykan Bremer 2027-nji ýyla çenli Ýuwentusda oýnar.Bremer Ýuwentusyň Anhel Di Mariýa, Pol Pogba hem-de Andrea Kambiassodan soň şu möwsümdäki 4-nji transferidir.

Bremer bilen Inter hem içgin gyzyklanyp, olaryň oýunçyny 23 günüň içinde transfer etmegine garaşylýardy. Ýöne De Ligtiň topardan gitmeginden soň Ýuwentus topary ara girip, Interden öňürti Bremeri transfer etdi.

Ýene degişli makalalar

Torino Ýuwentus bilen utuk paýlaşdy
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi