Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (CONI) ýokary sudy “Ýuwentusa” ýanwar aýynda berlen -15 utuk jerimesini ýatyrdy.Bu barada Italiýanyň ANSA habarlar gullugy habar berýär. “Ýuwentus” topary berlen jerimäniň ýatyrylmagy üçin ýokary suda ýüz tutupdy.
Netijede, “Ýuwentusyň” islegi häzirlikçe kanagatlandyrylyp, Italiýanyň Milli komitetiniň ýokary sudy ýurduň futbol federasiýasyna işi täzeden seljermegi tabşyrdy we topara berlen 15 utuk aýyrma jezasy ýatyryldy. Şol sanda Pawel Nedwed, Paolo Garimberti, Enriko Wellano daga berlen jerimeler hem ýatyryldy.
Klubuň ozalky prezidenti Andrea Anýellä, sport direktor Fabio Paratiçä berlen jerimeler bolsa öňküligine galdy.
Jerimäniň ýatyrylmagyndan soň, 44 utuk bilen 8-nji orunda barýan “Ýuwentusyň” utugy 59-a çykdy we klub 3-nji orna beýgeldi.
Mälim bolşy ýaly, “Ýuwentus” toparynyň 2 möwsümde oýunçylara tölän töleglerinde, olaryň transfer bahalarynda galplyga ýol berlendigi göz öňünde tutulyp, iş gozgalypdy. Ýanwar aýynda-da şol işiň netijesinde kluba 15 utuk aýyrmak, şol sanda klubuň birnäçe ýolbaşçylaryny-da iş hakyny almakdan mahrum edipdi.