Ýuwentus çempion diýen ýaly

Italiýanyň çempionatynda 34-nji tapgyrda Ýuwentus Kristiano Ronaldonyň gollary bilen Lasiony 21 ýeňdi.Super ýyldyz Ronaldonyň Serie A-da gollarynyň sany 51-e ýetdi. Şunlukda, ol 61 oýunda 50 gol geçirip, Serie A-da bu görkezijä iň çalt ýeten futbolçy boldy.

Bu ugurda ozalky rekord Andreý Şewçenko degişlidi (69 oýunda 50 gol).Galyberse-de, Ronaldo Premier Liga hem-de La Ligadan soň, Serie A-da 50 gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy.

Aşaky liga düşen SPAL topary 35-nji tapgyrda Romadan 61 asgyn geldi. 36-njy tapgyrda Interiň utuk ýitirmeginden soň, Udinezeden 21 asgyn gelen Ýuwentus çempionlygyny soňky tapgyrlara goýdy.

Ýene degişli makalalar

Ýene Gattiniň goly ýeňiş getirdi
“Serie A”-da 67 ýyl öňki waka gaýtalandy
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
Bir kluby aşaky liga düşdi, bir kluby ýokary liga çykdy
Italýan klublarynyň täze transferleri
6 aýdan soň ilkinji goly