1902-nji ýylda “Commercial Pacific Cable Company” kompaniýasy Ýuwaş ummanynda ilkinji telegraf liniýasyny düşeýär. 1901-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa bu taslamasy bilen San Fransiskodan Gawainiň Honolulu şäherine çenli yzygiderli aragatnaşygy ýola goýýar.
Ondan öň Amerikadan Aziýa ýurtlaryna habarlar telegraf üsti bilen transatlantik geçiriji arkaly Günorta Afrikanyň Keýp Taun şäherine, ol ýerden bolsa, Hindi ummany arkaly Uzak Gündogara iberilýärdi.Ikinji ugur bolsa, transatlantik ummany arkaly Londona ol ýerden Sankt-Peterburg şäherine we transsibir liniýa bilen Wladiwostoga, ol ýerdenem suwasty geçiriji arkaly Ýaponiýa hem-de Hytaýa çenli uzaýardy. Ýuwaş ummanyndaky telegraf geçirijisi has gysga aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. “Commercial Pacific Cable Company” kompaniýasy soňky ýyllarda Amerika bilen Filippinler, Hytaý we Ýaponiýa döwletleriniň arasynda hem telegraf liniýalaryny düşeýär. /* custom css */ .td_uid_15_675d756d7b6f7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675d756d7b6f7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }