Ýusuf Akçura

Ýusuf Akçura

Gepleşigimiziň bu sanýnda size ýazyjy we syýasatçy, türkçülik akymynyň öňdebaryjy wekillerinden, öz halkynyň azatlygy üçin ömrüni bagşeden tatarlaryň beýik ogly Ýusuf Akçurany tanyşdyrmakçy.

Hem eje hem-de kaka tarapyndan gurply maşgaladan gelip çykýan Ýusuf Akçura, 1879-njy ýylda İdil boýundaky Simbir şäherinde dünýä inýär. Ýusufyň dünýä inmeginden soň kakasy Hasan Akçuranyň zawoddaky işleri Osman-Rus urşy sebäpli erbetleşýär. Ýusuf heniz 2 uýaşyndaka 1878-nji ýylda kakasy ýogalýar.

Ykdysady kynçylyklar sebäpli 6 ýaşynda ejesi Bibi Fahri Banu Hanym bilen bilelikde Stambula göçýärler.Başlangyç mekdebe Stambulda başlaýar.Soň ejesi dagystanly Osman Beý bilen durmuş gurýar we Ýusufyň bilim almagyna uly goşant goşýar. 1890-njy ýylda mekdebi “ikinji çawuşlyk” derejesi bilen tamamlandygy üçin Harby mekdebe kabul edilýär. 1895-nji ýylda bolan uly ýer titremede ejesi ýogalýar.

Harby mekdebi üstünlik bilen gutaran Ýusuf Akçura, 1897-nji ýylda Harby resmi derejesini alýar. Şol ýyllarda makalalar ýazmaga başlan Ýusuf Akçuranyň neşir edilen ilkinji makalasy Demirghazyk türkçüliginiň meşhur alymlaryndan Şahabettin Marjani hakyndaky “Terjimahal” atly makalasydyr.

Mekdebiň 2-nji synpynda türkçülik hereketine goşulandygy sebäpli Fizana sürgün edilýär we harby wezipeden çetleşdiriýär.Emma ýol puly tapylmandygy üçin Tripolide tussag edilýär. 1899-njy ýylda onuň bilen bile sürgün edilen Ahmet Ferit Beý bilen Fransiýa gaçýar.

Ol ýerde üç ýyl ýaşap 1903-nji ýylda Parižiň Syýasy Ylymlar mekdebini gutarýar.

Hem maşgaladan Gazan tatar tejribesine, Russiýa tejribesine, Osman tejribesine we Ýewropa tejribesine eýe bolan Akçura türki dünýä uly goşant goşan pikirleri bilen ünsleri çekýär. 1904-nji ýylda 32 sahypadan ybarat bolan “Üç usully syýasat” atly eserini çap edýär.

Türkçülik akymynyň manifesti kabul edilýän makalada, Osman imperiýasynyň gaýtadan dikelmegi üçin Osmançylyk, Yslamçylyk we Türk milletçiligi hökmünde üç garaýyşyň bardygy beýan edilýär. Şolardan türk milletçiliginiň iň hakykata laýyk pikirdigi öňe sürülýär.

Parižden soň watanyna dolanan Akçura, pikirlerini giň halk köpçüligine ýetirmek üçin “Gazan habarçysy” atly gazetini çykarmaga başlaýar.Körekeni İsmail Gaspyraly, Ali Merdan Beý, Abdurraşit Kady İbrahimow ýaly türkçüler bilen bilelikde 1905-nji ýylda “Russiýa musulmanlary” atly uly partiýa döredýär.

Russiýada şertleriň agyrlaşmagy sebäpli 1908-nji ýylda Stambula dolanýar. Şol ýyllarda türk jemgyýetini döredýär.Türk jemgyýeti ýapylandan soň 1911-njşi ýylda “Türk Ýurdy” täze bir jemgyýetçilik gurama döredýär. 17 ýyl neşir edilen we garaşsyzlyk göreşinde uly goşandy bolan “Türk ýurdy” žurnalyny çykarmaga başlaýar. Şol žurnalda Ýusuf Akçuranyň Türkiýede, Orta Aziýada we Russiýada ýaşaýan türki halklaryň medeni we syýasy taýdan jebisleşmekleriniň ähmiýetini beýan edýän makalalary çap edilýär. 1916-njy ýylda “Russiýada hökümli türk-tatarlaryň hukugyny gorama jemgyýeti” atly syýasy gurama döredýär. Şol guramanyň maksady bütin Russiýadaky musulman türki halklaryň hukuklaryny goramak üçin dünýäniň ähli ýerinde göreşmekdi.

Respublika ýyllarynda täze döwletiň gurulmagyna uly goşant goşýar. 1923-nji ýylda Stambuldan halk deputatlygyna saýlanýar. 1925-nji ýylda açykan Ankara Hukuk Mekdebinde syýasy taryh mugallymy bolup işleýär. 1931-nji ýylda Atatürk tarapyndan Türk taryh guramasyny döretjek toparyň hataryna goşulýar.

Atatürk Akçurany Türk taryh guramasynyň esaslandyryjy başlyklygyna saulaýar. 1932-nji ýylda Türk taryh guramasynyň başlyklygyna bellenýär. 1933-nji ýylda Stambulda uniwersitetinde Syýasy taryh professory bolýar. Çeken irginsiz zähmeti bilen Ýusuf Akçura türkçülik akymynyň öňdebaryjylaryndan biri hökmünde öçmejek yz galdyrýar.

Onlarça eseri, makalalary, žurnallary we türk dünýäsine miras pikirleri geljek nesiller üçin tapylgysyz baýlykdyr.Ol alym we pikirzada hökmünde baky ýaşar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär