Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türki dünýäniň arasyndaky özara gatnaşyklary hem Türki Döwletler guramasy hem-de iki taraply, üç taraply we dört taraply mehanizmler bilen güýçlendirendiklerini aýtdy.
Çawuşogly, Türkmenistanyň Awaza şäherinde geçiriljek liderler sammitiniň öňüsyrasynda Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda çykyş etdi.
Doganlyk 3 ýurduň daşary işler ministri hökmünde duşuşmakdan hoşaldygyny nygtan Çawuşogly, üç ýurduň energetika we ulaglar ministrleriniň hem üç aýry maslahat geçirendiklerini belledi.
Çawuşogly “Umymy medeniýetimiz, mirasymyz, dilimiz, dinimiz we taryhymyz bizi biri birimiz bilen birleşdirýär” diýdi.
Türki dünýäniň arasyndaky özara gatnaşyklary hem Türki döwletler guramasy hem-de iki taraply, üç taraply we dört taraply mehanizmler bilen güýçlendirendiklerini aýdan Çawuşogly, “Şu gün ministrler derejesinde geçirilýän maslahatlar we ertir geçiriljek liderler sammiti bilen söwda, energetika, ulaglar, ykdysadyýet, gümrük, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda möhüm kararlar kabul ederis. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrarys” diýdi.