Ýurtda Parahatçylyk, Dünýäde Parahatçylyk

Ýurtda Parahatçylyk, Dünýäde Parahatçylyk

Ömrüniň 30 ýylyny harby işgär hökmünde geçiren Mustafa Kemal Atatürkiň parahatçylyga uly ähmiýet berýändigini bilýäňizmi?

Mustafa Kemal, harby durmuşyna 12 ýaşynda başlaýar, 4 söweşde front liniýalarynda söweşip, marşallyk çini alýar.

Mustafa Kemal halka howp abanmadykça söweşiň jenaýatdygyny nygtapdyr.Onuň aýdan “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” diýen sözi ýöne ýere aýdylan söz däldir. “Ýurtda parahatçylyk, jahanda parahatçylyk” ýörelgesine esaslanýan söz, Atatürkiň ynsana bolan söýgä uly ähmiýet berendigini görkezýär. Öňdengörüji Atatürkiň aýdan bu sözi, Türkiýe Respublikasynyň ýüzöwrülmesiz şygary bolýar.

Bu ýörelge, bir tarapdan ýurduň içinde asuda we durnukly durmuşda ýaşamagy, beýleki tarapdan halkara barlyşygy we howpsuzlydygy maksat edinýär.Sebäbi dünýäde haýsydyr bir ýerde başdan geçiriljek oňaýsyz waka her bir adama ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem milletler, beýleki milletleriň kynçylyklaryna ünsiz çemeleşip bilmez.

“Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” mejbur galmadykça söweş jenaýatdyr çemeleşmesiniň netijsidir. Mustafa Kemal Atatürk, döwrüniň iň uly parahatçylyk neslini döredýär, 1934-nji ýylda Gresiýanyň Premýer-ministri Wenizelos tarapyndan Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Şu gün 23-nji Aprel
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär
Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi