10-njy aprelde türkmen metbugatynda ýurduň prezidentiniň “Sport” telekanalynyň direktory Ýoldaşgeldi Hanalyýewi wezipesinden boşatmak baradaky karary çap edildi.
TH-nyň redaksiýasy bu karar Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky kanuna ters gelýär diýip hasaplaýar we düşündiriş üçin Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler birleşiginiň başlygy Timur Misrihanowa ýüz tutdy.Onuň düşündirişini çap edýäris:
Türkmenistanyň “Metbugat hakyndaky kanunynyň” 16-njy maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda, “Redaksiýa baş redaktor (köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň görnüşine laýyklykda wezipäniň ady başga-da bolup biler) ýolbaşçylyk edýär we ol öz wezipesini şu Kanun, redaksiýanyň Düzgünnamasy, esaslandyryjy bilen redaksiýanyň arasyndaky şertnama esasynda ýerine ýetirýär.
Baş redaktor köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň esaslandyryjysy tarapyndan bellenilýär we işden boşadylýar, ýa-da redaksiýanyň Düzgünnamasy esasynda saýlanýar we işden boşadylýar.”
“Sport” telekanalynyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komiteti bolup durýar, hiç bir jähtden Türkmenistanyň prezidenti däl.
Netijede, prezident bu telekanalyň esaslandyryjysy bolmansoň, direktory (baş redaktory) işe bellemek ýa işden boşatmak ygtyýarlygyna eýe däl, ýagny onuň kanun esasynda beýle hukugy ýok.Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we “Prezident hakyndaky kanunyna” laýyklykda, döwlet baştutany normatiw-hukuk mazmunly karar çykaryp biler, emma olarda redaktorlary bellemek we işden aýyrmak hakynda anyk hiç bir zat aýdylmaýar. Şeýlelikde, bu ýagdaýda prezident ýurduň “Metbugat hakyndaky kanunyny” bozan bolup çykýar.
Köpçülikleýin habar serişdeleri hakyndaky kanun kabul edileli bäri (22-nji dekabr, 2012-nji ýyl) prezidentiň habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryny işden boşadandygy baradaky karary çap edilmändi.