Kireýine alnan kwartirada propiskasyz ýaşamagyň nähili jezasy bar?
Polisiýa işgär pasportyňy alyp, onuň yzyna berilmegi üçin pul talap edip bilýärmi?
Meniň welaýat propiskam (ýazgym) bar, emma özüm Aşgabatda türk firmasynda işleýärin.
Meniň ilkinji soragym. Eger men hasaba alynmazdan kireýine jaý alan bolsam, meniň intim gatnaşyk saklaýan joram bolsa käte meniňkä myhmançylyga gelýän bolsa, polisiýa meni adam zorlamakda aýyplap bilermi? Polisiý işgärleriniň meniň kwartirama rugsatsyz girmäge haklary barmy? Eger meni jaýyň girelgesinde joram bilen tutsalar we daýanç punktyna alyp gitseler, näme bolar?
Jogap: Hemmesi siziň kwartirada näçe wagt bäri hasaba alynmazdan ýaşaýanyňyza bagly bolar. Eger siz kwartirada hasaba alynmazdan 45 kalendar gügünden kän ýaşan bolsaňyz, adminstratiw kanunçylyga laýyklykda, size jerime salyp bilerler.
Siziň rugsadyňyz bolmazdan, ýörite order ýa-da suduň karary bolmasa, hiç kimiň siziň ýaşaýyş jaýyňyza zor bilen girmäge haky ýok. Şeýle-de, sizi hiç kimiň kireýina alnan jaýda ýa başga ýerde (jemgyýetüçilik ýeri bolmasa) edilen intim aragatnaşyk üçin jezalandyrmak hukugy ýok, her raýatyň intim durmuşa hukugy bar we intim durmuşyň syry kanun tarapyndan goralýar.
Ikinji sorag. Meniň dostum, olam welaýatly, Aşgabatda hasaba alynmazdan kireýine jaý tutýar.Ol işsiz.Onuň ýaşaýan ýerine uçastok polisiýasy geldi we pasportyny alyp gitdi.
Pasporty uçastok bölüminde gaýtaryp berdiler, emma Aşgabatda propiskasyz ýaşany üçin 50 manat jerime tölemegini talap edenlerinden soň gaýtaryp berdiler.Hojaýyny çagyryp, kwartirasyny patentsiz kireýine berendigi üçin, ondan 300 manat para bermegini talap etdiler. Şu hili ýagdaýda nähili hereket edilse gowy bolar?
Jogap: Polisiýanyň raýatyň pasportyny alyp gitmäge haky ýok.Uçastok polisiýasynyň diňe adminstratiw düzgün bozma hakynda protokol ýazmaga haky bar we ol şol ýeriň özünde pasporty gaýtaryp bermeli.
Uçastok polisiýasy öz hereketi bilen adminstratiw kodeksiň 372-nji maddasyny bozdy.Mundanam başga, degişli dokumentleri resmileşdirmezden sizden 50 manat jerime alyp, kwartiranyň eýesinden 300 manat alyp, ol jenaýat etdi (para almak we wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak).
Siziň prokuratura bu barada degişli arza bilen ýüz tutmak hukugyňyz bar.