Ýurduň ilkinji ýokary tizlikli demir ýoly

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta bilen ýurduň Bandung şäherleriniň arasynda ilkinji ýokary tizlikli otly ýoly açyldy. Hytaýyň goldaw bermeginde, Bir guşak, bir ýol taslamasynyň çäginde durmuşa geçirilen taslamanyň bahasynyň 7,3 milliard dollardygy mälim edildi. Otly Whoosh diýip atlandyrylypdyr. 142 kilometr aralykda gatnajak otlynyň ilkinji ýylynda 10 million ýolagçy gatnatmagyna garaşylýar. Taslamanyň gurluşygyna 2015-nji ýylda başlanypdyr.

Täze otlynyň netijeli, daşky gurşawa zyýansyz we beýleki jemgyýetçilik ulaglary bilen sazlaşyklydygy bellenildi.

Eneş BEGPOLODOWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň öňdebaryjy täjirçilik şäherleri
Ene mähri
Maryda agyr hassalar, kemli dogýan çaga köpelýär. Ýaşaýjylar 'howa hapa' diýýär
Türkiýäniň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi mälim edildi
Türk Milli Ýygyndy Karate Komandasy 3 Altyn Medal Aldy
TBMM-de Ýewropada artýan rasizm we yslamafobiýa bilen bagly maslahat geçirildi