Häzirki wagtda ekinlere ösüş suwy tutuldy, ýaza golaý mineral dökünler berler. Dökünleriň düzüminde mikroelementler we dermanlar bar. 700 müň gektardan gowrak ýere bugdaý ekildi. Geçen ýylky ekiş möwsüminde bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, ”Ýolöten-3” “Türkmenbaşy-1”, ”Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Irişka”, ”Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, şeýle hem “Krupinka” görnüşleri ekildi.
Şu işler bilen birlikde, güýzlük ekinleri zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak boýunça çäreler hem amala aşyrylýar. Bu işe Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri çekildi. Alymlar bilen hyzmatdaşlykda toprakda mör-möjekleriň gyşlaýan görnüşleriniň bar-ýoklugyny barlamak boýunça bellenilen işler geçirilýär, onuň esasynda gulluk geljekki oba hojalyk möwsüminde öz işini gurar.
Ýurduň biohojalygynda entomofag mör- möjekleri öndürýän fabrikleriň 370-den gowragy bar. Ýanwar aýynda biokärhanalarda ösümlikleri kesellerden we zyýanly mör-möjeklerden goramakda adamyň ýakyn kömekçilerini ýetişdirmek işlerine başlanyldy.Altyngözlüje we gabrobrakon esasy entomofaglardyr.
Laboratoriýalar topragy barlamak we atyzlarda netijeli işi guramak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen.Hünärmenler kärendeçilere, daýhanlara we fermerlere ösümlikleriň gorag serişdelerini satyn almak we ulanmak boýunça maslahatlar berýärler.