Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerasty süýji suw gorlaryny agtarmak we olara baha bermek boýunça işleri amala aşyrdylar. Şeýle iş etrabyň çalt köpelýän ilatyny geljekde gowy hilli suw bilen üpjün etmek üçin etrabyň ýerleriniň süýji suw serişdeleriniň derejesini ýüze çykarmak üçin geçirildi.
Täze çeşmeleri ulanmagyň mümkinçiliklerini seljermek üçin geçirilen gözleg-agtaryş işleriniň netijelri barada jikme-jik hasabat Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasyna iberildi.
Türkmenistanda uly möçberli özgertmeler maksatnamalary, şol sanda ýuruň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.Suw üpjünçiliginiň düzümlerini mundan beýlägem kämilleşdirmek işleri serişdelri, şol sanda bar bolan ýerasty suw gorlaryny rejeli we aýawly peýdalanmak esasynda amala aşyrylýar.
Munuň üçin täze ýataklary agtarmak bilen bir hatarda ýerasty suw çeşmeleriniň ulanylyş mümkinçiliklerine baha bermek işleri-de ýerine ýetirilýär.
Şu ýylyň dowamynda Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri täze suw ýataklaryny agtarmak boýunça uly möçberli işleri amala aşyrdylar. Şu ýylyň dokuz aýynda burawlaýyş işleri boýunça tabşyryk 121 göterim ýerine ýetirildi.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşlignde süýji suwly guýy, Könürgenç etrabynyň geňeşlikleriniň birnäçesinde dik skwažinalar burawlanyldy.Gidrogeloglar Gubadag, Boldumsaz, Ruhubelent etraplarynda gözleg-agtaryş işlerini amala aşyrýarlar, welaýatda tapylan täze ýerasty suw çeşmeleriniň düzümini, hilini, himiki düzümini we ulanmak mükinçiligini öwrenýärler.