Ýurduň demirgazygynda guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri goragly ýerleri özleşdirýärler

Ýurduň demirgazygynda guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri goragly ýerleri özleşdirýärler

Demirgazyk Türkmenistanda guşlaryň sany we görnüşleri barha artýar. Muňa Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň geçiren ötegçi we hemişelik ýaşaýan guşlara gözegçiliginiň netijeleri şaýatlyk edýär. Şu ýyl ötegçi guşlaryň arasynda ýerli ornitologlar ilkinji gezek akbaş dazzarkeli we Gyzyl kitaba girizilen depeçi garaguşy hasaba aldylar.

Belki, olary ýurdumyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş adalarynyň peýda bolmagy özüne çekendir, muňa goraghana bilen çäkleşýän, bir wagtky çöl ýerleri özgerdýän emeli Türkmen kölüniň ýardam eden bolmagam mümkindir.

Bu ýerlerde ýylyň başynda ilkinji gezek hasaba alnan, adatça Türkmenistanda Merkezi Garagumyň zawlarynda we Bathyzda ýaşaýan gyrgylar maşgalasyndan sykylykçy gyrgynyň peýda bolmagy Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň hünärmenlerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde sykylykjçy gyrgy Uzyn şor kölünde göze ildi, belki, bu guş ony gyşlamak üçin saýlandyr.

Döwlet tarapyndan maksada gönükdirilen tebigaty goraýyş işleri, şeýle hem baý biologik serişdeler we ýurduň demirgazygynda ýerleşýän köller ötegçi-höwürtgeleýän guşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär.

Ýene degişli makalalar

Garagumyň ummasyz baýlyklary
“Awçy, atma jereni!”: Lebabyň goraghanalarynda güýç edaralary aw awlaýar, ýerli ýaşaýjylar balyk tutýar
Ýurduň demirgazygynda guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri goragly ýerleri özleşdirýärler
Russiýa Türkmenistandan ýabany gaplaňlary göçürmek barada gepleşik geçirýär
Owganystanda Talibanlylar polisiýa merkezine hüjüm gurady
Türkmenistanda ekosyýahatçylyk ösdürilýär