Ýurdumyzyň ýygyndy topary Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

Ýurdumyzyň ýygyndy topary Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dört görnüşi dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: THP

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Türkmenistan Baku şäherinde howanyň üýtegemegi boýunça “COP29” halkara maslahatyna gatnaşýar
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
BBC: ylham berýän 100 zenan
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekiliýeti öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin Fransiýada saparda boldular
Notr-Dam ybadathanasy açylar
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi