Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary dowam edýär.

Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 1528-nji iýuly aralygynda ýaýbaňlandyrylan kabul ediş möwsüminiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň hataryna goşulmak isleýänlerden resminamalary kabul etmek tamamlandy.

Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan dalaşgärler üçin giriş synaglary ýörite bellenilen senelerde geçiriler we awgustyň üçünji on günlüginde tamamlanar. Giriş synaglaryny kabul etmek Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda kabul ediş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär. Ýerlerde Döwlet topary işläp, ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy amala aşyrýar hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün edýär.

Ozal habar berlişi ýaly, her ýylky däbe görä, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hödürleýän hünärleriniň sanawy täzelendi. Öňümizdäki 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýedisinde taýýarlygyň hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 12-si girizilýär.

Hünärleriň sanynyň artmagy bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň kabul edilişi hem köpelýär. Täze okuw ýylynda 15 müň 926 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, bu bolsa geçen ýylkydan 303 sany köpdür. Talyplaryň 15 müň 303-si hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça, ýene-de 623 adam magistr maksatnamasy boýunça kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

Ýönekeý HK: Hytaýda okamak üçin ýüz tutmaga howlugyň
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar
Dalaşgär 2024: Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi