Ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny başdan geçirýär. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny ýokary depginlere çykarmak üçin guramaçylyk-ykdysady hem-de institusional taýdan giň mümkinçilikli şertler döredilýär.

Ilki bilen Durnukly ösüş diýen düşünjäniň manysyna seredip geçeliň.Bu sözüň gysgaça manysy: Durnuklylyk daşky gurşawa zyýan bermezden, geljege degişli serişdeleri ýa-da çeşmeleri ulanmazdan, şu günki serişdeleriň hem-de çeşmeleriň hasabyna sarp etmegi, durmuşymyzy dowam etdirmegimizi aňladýar. Ösüş – sözi bolsa, gysgaça aýdylanda, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli öňegidişligi, oňyn üýtgeşmeleri aňladýan düşünjedir.

Diýmek, gysgaça Durnukly ösüş – bu daşky gurşawa zyýansyz şu günki serişdeleriň hasabyna şu günüň hem-de geljegimiziň durmuş-ykdysady ösüşini yzygiderli ösdürmekdir diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Durnukly ösüşiň maksatlary, geljekki nesiller üçin durmuşy yzygiderli gowulandyrmak üçin şu günden dogry hereketleri saýlamakdyr. Bütin ýurtlarda öz ileri tutýan ugurlaryna we dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan daşky gurşaw meselelerine laýyklykda kabul etmek üçin anyk görkezmeleri we maksatlary üpjün edýär.

Global maksatlar diýlip hem atlandyrylýan Durnukly ösüş maksatlary Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan garyplygy aradan aýyrmak, planetany goramak we 2030-njy ýyla çenli ähli adamlaryň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin hereket etmäge ählumumy çagyryş hökmünde 2015-nji ýylda BMG-niň Baş assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde kabul edildi. 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meselelerini özünde jemleýän Durnukly ösüş strategiýasy jemi 17 sany global maksatdan, 169 sany wezipeden we 230 sany görkezijiden ybaratdyr.

Bu ýetilmek islenilýän global maksatlaryň esasy özeni dünýäde ekologiýa taýdan asuda durmuşy döredip, açlyga we garyplyga garşy göreşip, adamlaryň parahatçylykda, abadançylykda bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek üçin ählumumy çagyryşdyr.

Durnukly ösüş maksatlary garyplygyň düýp sebäplerini aradan aýryp, adamlar we planetamyz üçin oňyn özgerişlikleri ýerine ýetirmek maksady bilen bizi birleşdirer. Durnukly ösüş maksatlary, garyplyk, howanyň üýtgemegi we düşünüşmezlik ýaly dünýämiziň ýüzbe-ýüz bolýan käbir möhüm meselelerini çözmek üçin umumy meýilnama we gün tertibi bilen üpjün eder.

Bu maksatlar 1000 ýyllyk ösüşi nazarlamak bilen, bu maksatlara ýetmekde bir-biri bilen baglanyşyklydyr. Her bir döwlet ýetmek isleýän maksatlary boýunça ýüze çykýan meseleleri özara ylalaşyk esasynda deňeçer çemeleşip, bilelikde çözmegi üstünlige ýetmegiň açary bolup hyzmat eder. Durnukly ösüş maksatlary, geljekki nesiller üçin durmuşy yzygiderli gowulandyrmak üçin şu günden dogry hereketleri saýlamak bilen, hyzmatdaşlygy ýola goýmakdyr.

Umuman aýdylanda, Durnukly ösüş maksatlary garyplygy aradan aýyrmakdan, açlygy ýok etmekden, sagdyn durmuşy we abadançylygy ýola goýmakdan, ýokary hilli bilimi üpjün etmekden, gender deňligini gazanmakdan, arassa agyz suwy bilen we arassaçylygy üpjün etmekden, elýeterli we arassa energiýany ulanmakdan, mynasyp işleri üpjün etmekden we ykdysady ösüşi gazanmakdan, senagatlaşdyrmagy, innowasiýalary we infrastrukturany ýola goýmakdan, deňsizligi azaltmakdan, durnukly şäherleri we ilatly ýerleri döretmekden, jogapkärçilikli sarp edişligi we önümçiligi döretmekden, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekden, deňziň ekologiýa ulgamyny gorap saklamakdan, gury ýer ekologiýa ulgamyny gorap saklamakdan, parahatçylygy, adalatlylygy gazanmakdan, netijeli edaralary döretmekden, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk saklamagy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Eziz Diýarymyzy, bagtyýar halkymyzy Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda ynamly ýollar bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Goý, olaryň belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Prezident halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlag iberdi
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär
Eziz diýarymyz melhemler mekany
Arkadag geljegiň şäheri
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI