Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ulag-üstaşyr diplomatiýasy esasynda, ýurdumyzyň içerki hem-de halkara ulag infrastrukturasy täze çekilýän ýollaryň hasabyna ösýär.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda atly kitabynda: Ulaglar ulgamy ýurduň çylşyrymly bedeninde özboluşly damar ulgamynyň wezipesini ýerine ýetirmek bilen, ol ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir diýip belleýär.
Türkmenistanyň halkara ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi, üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň artmagy ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümlerdir harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz ugradylmagyny, şeýle hem üstaşyr geçýän ýükleriň barmaly nokadyna gysga wagtda barmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurduň içinde we halkara derejesinde ýükleriň, ýolagçylaryň gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.Munuň özi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagyna giň şertleri döretdi. Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesini döretmekde hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamany, Merkezi Aziýada Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny we beýleki halkara maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşýar.
Şu we beýleki iri maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan diňe bir gatnaşyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edýän ýurt hökmünde özüni bütin dünýäde tanadýar.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny atly Kararnamanyň, 2015-nji ýylda ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek bilen baglanyşykly Kararnamanyň, 2017-nji ýylda Durnukly ösüş boýunça maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek atly Kararnamanyň kabul edilmegi gönüden-göni Türkmenistanyň başlangyçlarynyň netijeleridir.
Şeýlelikde, bu gün dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň başda durmagynda, Türkmenistanyň alyp barýan ulag-üstaşyr diplomatiýasy ýurduň içinde we halkara derejesinde gurlup ulanylmaga berlen we gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan köprüler, demir ýol şahalary, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, döredilýän howa we deňiz ýollary arkaly üstünlikli amala aşyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ösmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam berýär.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26162