ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA

ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň mede-niýetiniň we sungatynyň aýnasy bolan teatrlarymyzda ýörite döredijilik toparlary tarapyndan birnäçe spektakllar, baýramçylyk sahnalary halkymyza ýetirildi.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda režissýor E.Işangulyýew, dramaturg G.Daňatarow tarapyndan Watan buýsanjy Jelaleddin soltan atly pýesasy esasynda adybir spektakly sahnalaşdyryldy. Watanperwerligi bilen halk hakydasynda ebedi ýaşaýan Jelaleddin soltanyň ömri we durmuşy bara-da gürrüň berýän täze spektaklda teatryň halypa artistleri bilen bilelikde ýaş zehinler hem dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

* * *

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Ö.Galandarow hormatly Prezidentimiziň Mertler Watany beýgeldýär atly kitaby esasynda Mukaddesdir bu Watan! diýen taryhy dramany sahnalaşdyrdy. Gorkut atanyň watanperwerlige ýugrulan pähim-parasadyny sahna dili bilen tomaşaçylara ýetirýän täze spektaklda teatryň Ý.Öwezow, H.Hydyrow, P.Elýasow, O.Annagylyjowa ýaly artistleri özlerine ynanylan keşpleri ýatda galyjy janlandyrmagy başardylar.

* * *

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Durna umydy atly spektakly tomaşaçylara görkezdi.Dramaturg Anna Meläýewiň eseri esasynda režissýor Guwanç Baýmedowyň sahnalaşdyran erteki ýordumyndan ugur alýan bu spektaklynda iki ýaş juwanyň dürli päsgelçiliklere sezewar bolşy çeper keşpleriň üsti bilen janlandyrylýar.

Tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýaran bu spektaklda B.Doglyýew, O.Şyhyýewa, B.Mädalyýew, D.Bekdurdyýew ýaly artistler gahrymanlaryň ruhy dünýäsini tomaşaçylara ýetirmekde köp zähmet siňdirdiler.

* * *

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Akynazar Hommyýewiň öz edebi esasy boýunça sahnalaşdyrylan Meniň bagt ýyldyzym atly spektakly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.Spektaklda Altyn asyr Türkmen kölüniň gurluşygy, Garagumda gysga wagtda gurulýan döwrebap şäherler, olaryň gözellikleri, ýaşlaryň bu ösüşe bolan garaýşy barada gürrüň berilýär.

Döwrebap spektaklda teatryň ýaş artistleri Ý.Rahmanowa, M.Bekmyradow, T.Akmyradow, M.Muhammedowa we teatryň baýry artistleri özlerine ynanylan keşplerini ynandyryjy döretdiler.

* * *

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda W.Şekspiriň Nadaranyň nogtalanyşy atly komediýasy sahnalaşdyryldy. Ýaş režissýor Tawus Hakimowanyň sahnalaşdyran spektaklynda maşgala mukaddesligi, söýgi ýaly belent duýgular barada gürrüň berilýär. Täze spektaklda teatryň D.Hemraýew, J.Nazarowa, A.Jumageldiýew we başga-da birnäçe zehinli artistleri dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini gülküli wakalaryň üsti bilen tomaşaçylara ýetirýärler.

Merjen Jumagylyjowa

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň gurulýan...
“Wah, siz aýallar…” spektaklynyň premýerasy boldy
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40% ýokarlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy 40,9% artdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi