Ýurdumyzyň tanymal folklor toparlary küştdepdä ökdeleri kesgitlediler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň howandarlygynda Awazada gadymy döwürlerde Hazaryň türkmen kenarynda dörän dünýä medeniýetiniň horeografiýa merjeni bolan küştdepdä bagyşlanan aýdym-sazly tans gözden geçirilişi boldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlen şygaryna bagyşlanan etnografiýa bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden folklor-tans toparlary gatnaşdylar.

Hazar ýakasynyň açyk asman astyndaky teatrynyň sahnasynda gyzykly çykyşlar boldy. Gözden geçiriliş ýurdumyzyň sebitleriniň ählisiniň birleşen folklor toparlarynyň çykyşy bilen açyldy. Balkan welaýatynyň folklor toparlarynyň horeografiýa dörtlüginiň çykyşy deňizýaka türkmenleriniň halk döredijiliginiň döreýşini we köp asyrlaryň dowamynda kemala gelişini görkezdi. Tansçylar sahnada halk baýramlarynyň we dabaralarynyň aýrylmaz bölegi bolan jadyly dessurlary joşgunly tans dili bilen çeper beýan etdiler.

Türkmenbaşynyň nebti agýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenardaky nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhanasynyň çagalar folklor toparynyň çykyşy has şowhunly boldy. Milli we halkara döredijilik bäsleşiklerinde ençeme gezek baýrakly orunlary eýelän bu topar çeper horeografiýa dili we gazallary ussatlarça ýerine ýetirişi bilen tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Ahal welaýatyna wekilçilik eden Ak bugdaý etrabynyň tans toparynyň çykyşy hem tomaşaçylaryň alkyşyny aldy.TNGZT-nyň Medeni-sport toplumynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hem tanymal toparynyň çykyşyna tomaşaçylar yzy üzülmeýän el çarpmalar bilen “sag bolsun” aýtdylar.

Olar birsydyrgyn hereketler bilen başlanyp, barha möwjeýän tans tilsimleri arkaly asuda deňziň joşgunly gomlara çenli üýtgeýändigini görkezdiler.Sahna sungatynyň özüne çekiji hereketleri owazly gazallar bilen has-da sazlaşykly utgaşdy.

Daşoguzly artistler tomaşaçylara küştdepdiniň özboluşly görnüşini teklip etdiler. Welaýatlaryň ählisiniň wekilleriniň birleşen topary toý küşdepdisini görkezdi. Lebap welaýatynyň birleşen topary, şeýle hem Serdar etrabynyň, Mary we Balkanabat şäherleriniň toparlary joşgunly tanslary hem-de labyzly gazallary bilen bu ýere gelenleriň göwnüni awladylar.

Gözden geçirilişiň ahyrynda türkmen halylary düşelen giň sahnada bu çärä gatnaşan toparlaryň ählisi çykyş etdiler. Joşgunly, şadyýan tans türkmen halkynyň aýdym-saz ýörelgeleriniň dowamat-dowamlylygynyň nyşany boldy.

Soňra döredijilik toparlaryny we artistleri sylaglamak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda olara Medeniýet ministrliginiň hormat hatlary we Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

More related articles

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Бронзовые медали 33-й Балканской математической олимпиады завоевали ашхабадские старшеклассники Джепбар Асгаров и Мухамметназар Аннамухаммедов
Business circles of Turkmenistan and Uzbekistan to implement the projects to total amount of more than 250 million US dollars
24.04.2018 | Activation of Turkmen Uzbek trade, economic, scientific and technical cooperation are agreed
Review of the achievements of Turkmen entrepreneurs is held in Ashgabat
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi