Ýurdumyzyň täze çempiony “Ahal”

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda şu möwsümiň çempiony wagtyndan öň belli boldy. 25-nji tapgyryň çäginde geçirilen oýunlardan soň “Ahal” topary taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazandy.

Başgaça aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň milli çempionatynyň çempiony 8 ýyldan soň üýtgedi. “Ahal” topary bassyr 5 möwsümden bäri 2-nji ýeri eýeläp gelýärdi (umumylykda 6 gezek 2-nji ýeri eýeledi). “Ahal” topary çempion bolan 8-nji klub hökmünde hasaba alyndy.

25-nji tapgyrda “Ahal” topary myhmançylykda “Şagadam” bilen duşuşyp, 4-2 hasabynda üstün çykdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda emin 3 gezek penalti nokadyny belledi.Gollaryň 5-si 1-nji ýarymda geçirilip, ýer eýeleri 2 gezek öňe saýlanan hem bolsa, “Ahal” topary her saparynda-da dessine jogap bermegi başardy.

Duşuşykda “Ahalyň” adyndan Didar Durdyýew (11 p, 17), Ata Geldiýew (29) hem-de Arslanmyrat Amanow (90+3), “Şagadamyň” adyndan bolsa 2-nji we 16-njy (p) minutlarda Mekan Aşyrow tapawutlandy.

Paýtagtymyzda oýnalan “Köpetdag” bilen “Altyn asyryň” arasyndaky oýunda-da ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Altyn asyr 65-nji minutda Altymyrat Annadurdyýewiň goly bilen öňe saýlansa-da, “Köpetdag” soňky 7 minutda Serdar Baýramowyň (83) hem-de Begenç Akmämmedowyň (87) tapawutlanmagynda 2 gol geçirip, ýeňiş gazanmagy başardy.

Bu netijelerden soň “Ahal” aratapawudy 14 utuga ýetirip, çempionatyň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda taryhyndaky ilkinji çempionlygy yglan etdi.

25-nji tapgyryň çägindäki beýleki oýunlarda “Aşgabat” “Energetigi” 2-1 (Agajan Altyýew 74, Toýmämmet Sähetmämmedow 88 p Musa Nurnazarow 11) ýeňdi. “Merw” bilenem “Nebitçi” 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady (Alibek Abdyrahmanow 45 p, Toýly Goçnazarow 88 Nagtymberdi Berenow 61, Begenç Alamow 66 ö.d.).

25-nji tapgyryň netijeleri: “Şagadam” “Ahal”: 2-4, “Köpetdag” “Altyn asyr”: 2-1, “Merw” “Nebitçi”: 2-2, “Aşgabat” “Energetik”: 2-1.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
Merw Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynda Aşgabatdan üstün çykdy
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal