Ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlary tanyşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda syýahatçylygyň hem-de myhmansöýerligiň milli nusgalarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.Milli Liderimiziň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça strategiýasynyň iň wajyp ugurlary syýahatçylyk ugurlarynyň çäkleriniň giňeldilmeginden, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagyndan, netijeli maglumat-mahabat işiniň hem-de halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan ybaratdyr.Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň daşary ýurtlarda giňden wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň syýahatçylyk kompaniýalary daşary ýurtlardaky iri syýahatçylyk sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar.

Golaýda, türkmen kompaniýalary Singapurda geçirilen “ITB Asia 2019” halkara syýahatçylyk sergisine ilkinji gezek gatnaşan bolsalar, bu gezek Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guralan “TOURISM EXPO JAPAN 2019” syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar.Türkmen firmalarynyň bu iri sergilere gatnaşmagyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rowaç syýahat” syýahatçylyk kärhanasy gurnaýar.Osaka şäherinde 24-27-nji oktýabr aralygynda geçirilen sergä “Aşgabat syýahat”, “Owadan syýahat”, “Nurana Aý” we “Durdynyýaz” syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşdylar.

Bu ýerde ýurdumyzyň baý syýahatçylyk mümkinçilikleri görkezildi.Osaka şäherindäki sergi 2014-nji ýyldan bäri geçirilýär.Sergide 100-den gowrak ýurduň wekiliýetleriniň we kompaniýalarynyň diwarlyklary açyldy.Ilkinji gezek Tokiodan başga şäherde geçirilýän “TOURISM EXPO JAPAN 2019” syýahatçylyk sergisine 130 müň adamyň aýlanyp görmegine garaşylýar. 2018-nji ýylda bu sergä 136 ýurtdan 1441 kompaniýa we gurama gatnaşyp, bu gözden geçiriş çäresine 207 müňden gowrak myhman görmäge geldi.Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar.

Telekeçiler birleşmesiniň düzüminde döredilen syýahatçylyk kärhanasy dürli derejedäki syýahatçylyk sergilerine gatnaşmaga mümkinçilik döredip, şol bir wagtda syýahatçylygy ösdürmek boýunça hünär ýokarlandyryş okuw maslahatlaryny gurnaýarlar. 2019-njy ýylyň 17-nji oktýabryndan 5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň syýahatçylyk bölüminiň we birleşmäniň syýahatçylyk pudagyna degişli bolan agzalarynyň hünärmenleriniň uly topary Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde syýahatçylygy ösdürmek boýunça gurnalýan 20 günlük hünär ýokarlandyryş okuw maslahatyna gatnaşýarlar.

Okuw maksatnamasynyň esasy maksady syýahatçylyk ulgamynda strategik ösüşi, marketing, syýahatçylygy ösdürmegiň meýilleşdirilişini öwrenmekden we hytaý syýahatçylyk kompaniýalarynyň tejribesi bilen tanyşmakdan ybarat.

Döwletmyrat Amannazarow,Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
Türkmen ilçisi Tokioda agzaçar sadakasyna gatnaşdy
Çykdajylaryň artmagyna garaşylýar
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli forum geçiriler, Türkmenistan we Eýran Aşgabatda işewürlik maslahatyny geçirdiler, Türkmenistan EXPO 2025-iň çäginde ilkinji bolup baýdak dikdi we beýleki habarlar
Aşgabatda EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
EXPO-2025 Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär