Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda öri meýdanlaryndaky guýylaryň sany artýar

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen maldarçylyk hojalygynyň maldarlarynyň ygtyýaryna täze çuň guýy berildi. Ony Lebapörisuw abatlaýyş-ulanyş kärhanasynyň guýy gazýan ussalary ulanmaga berdiler.

Hojalygyň öri meýdanynda 50 metrdenem aşakda agyz suwunyň güýçli akymy açylmagy netijesinde müňlerde gektar ýeri suwarmaga mümkinçilik döredi.

Guýylar ulgamynyň döredilmegi örüde bakylýan maldarçylygyň girdejililigini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işiň wajyp ugrydyr. Şu ýyl bar bolan guýylaryň 4-sinde häzirki zaman suw çykaryjy enjamlar oturdyldy.

Tallymerjen maldarçylyk hojalygy Lebap welaýatynda iň iri hojalykdyr. Häzirki wagtda onuň öri meýdanlarynda 40 müňe golaý dowar saklanyýar. Lebapörisuw kärhanasynyň hünärmenleri welaýatyň beýleki maldarçylyk birleşiklerine-de hyzmat edýärler.

Ýene degişli makalalar

Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
"Talyplaryň Farap, Tallymerjen serhetlerinden geçmegine rugsat beriň!"
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
Täjigistanyň ýük ulaglary Türkmenistanyň serhedinden geçmek üçin rugsada garaşýarlar