29-njy awgustda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda güýzlük galla ekişi başlanar.Daşoguz sebitiniň ekarançylary bu işe 5-nji sentýabrda girişerler.Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda Oba we suw hojalygy ministrligine bu oba hojalyk çäresini daýhan birleşikleri, hojalyklar, oba hojalyk kärhanalary we hususy kärendeçiler bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrmak tabşyryldy. 2019-njy ýylda 760 müň gektar ýerden 1 million 600 müň tonna azyklyk bugdaý almak göz öňünde tutulýar.
Iri gallaçylyk merkezlerinde oba hojalyk edarasynyň jogapkär düzümleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň özara hereketiniň meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatlary geçirildi. Olara daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, agronomlar, mehanizatorlar, melioratorlar we gallaçy kärendeçiler gatnaşdylar.
Oba hojalyk tehnikasyny taýýarlanyldy, olara gözegçilik edildi we tehnikalar abatlanyldy.CLAAS we John Deere ýer sürýän traktorlarynyň kämilleşdirilen nusgalary, ýer sürüji traktorlar, şol sanda MTZ-leriň ornuna gelen täze nusgadaky ulanyş ulgamlary döwrebaplaşdyrylan tirkeg görnüşli köpugurly “Belarus - 80Х” we”Belarus -82.1” traktorlary, şeýle hem ekiş geçirýan enjamlar, beýleki agregatlar we enjamlar bu işe taýýar edildi.
Azyklyk we tohumlyk galla öndürmek üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde tohum hem-de mineral dökünler, oba hojalyk ekinlerine zyýan beriji mör-möjeklere garşy serişdeler berilýär.
Şertnamalaýyn tabşyryklara laýyklykda ahally gallaçylar 450 müň tonna, maryly ekarançylar 380 müň tonna, lebaply ekin ussatlary 350 müň tonna, daşoguzly daýhanlar 300 müň tonna we balkanly gallaçylar 120 müň tonna galla taýýarlamaly.
Güýzlük galla ekilmeli 760 müň gektar ýerden başga-da, tohumlyk ekin üçinem 100 müň gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hojalyklaryň aglaba bölegi Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýär.
Şu ýylky ekişde bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Miras”, “Ýöleten-1”, “Ýöleten-3” ýaly ýokary hasylly, synagdan geçen we Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň döreden beýleki görnüşleri ekiler.Tohumçylygyň meseleleri boýunça GDA ýurtlarynyň Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň teswirnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri Russiýadan getirilen galla tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Şu döwürde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde “Batko”, “Nota”, “Wassa”, “Irişka”, “Krupinka” we “Ýubileýnaýa-100” görnüşleri syanglardan üstünlikli geçip, ýetişdirilip gelinýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde öňdebaryjy ýewropa kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gallany gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar hereket edýär. 2014-nji ýylda birbada jemi 360 müň tonna galla saklamaga niýetlenen täze elewatorlaryň sekizisi işe girizildi.
Gallany gaýtadan işleýän kärhanalaryň umumy kuwwatlylygy galla meýdanlaryndan alynýan hasyla we ilatyň islegine laýyk gelýär, bu bolsa ýylda demir sulfaty hem-de foliý kislotasynyň garyndysy bilen baýlaşdyrylan 1 million tonnadan gowrak ýokary we birinji hilli un çykarmak üçin ýeterlikdir.