Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda paýtagtymyzda Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda ajaýyp wakalarynyň birine öwrülen Ýylyň parlak ýyldyzy 2021 döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlaryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler tarapyndan has köp ses alan ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Türkmen owazy teleýaýlymynyň studiýasynda geçirilen jemleýji konserte belli aýdymçylar, artistler, kompozitorlar, şahyrlar we beýleki medeniýet işgärleri gatnaşdylar.Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik işjeňligini hem-de başlangyjy höweslendirmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Baýramçylyk lybasyna beslenen sahnada oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda çykyş eden ýaş aýdymçylar tolgunmak, şatlanmak, buýsanmak, hoşallyk duýgularyny başdan geçirdiler.Olar geljekde döredijilik ýolunda aýgytlaýjy pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň umyt-arzuwlaryny ödemek üçin ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, olaryň biri bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler.Munuň özi eminlere aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary sazyň ornuny tutdy.

Dürli žanrlardan aýdymlar estrada we halk, söýgi hem-de watançylyk, baýramçylyk aýdymlary ýaňlandy.Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam edip, çykyş eden her bir aýdymçynyň çykyşyndan soň, medeniýet we sungat işgärleri öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler.

Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanalýança, sahnada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Diýarymyza bagyşlanan aýdymlar dabaraly ýaňlandy.Ses bermegiň netijesinde ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de Ýylyň parlak ýyldyzy adyna mynasyp boldy. Ýeňijä Ýylyň parlak ýyldyzy göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artistlere döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi bilen, döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Göwünleri galkynan bäsleşigiň ýeňijileri milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap hökmünde milli aýdym-saz sungatynyň mundan beýläk-de ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistleri toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Begençmyrat Çaryýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl meniň durmuşymda hem hiç mahal ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslenen, düşümli ýyllaryň biri boldy.

Maňa şu ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ynha, indi bolsa Ýylyň parlak ýyldyzy diýen abraýly adyň eýesi bolmak bagty nesip etdi.Munuň üçin begenjimiň çägi ýok.

Men sungat adamlarynyň maşgalasynda ösüp ulaldym.Kakam hem-de ilkinji halypam Amanmyrat Çaryýew Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor.Agam Şamyrat Çaryýew hem kompozitor.Aýdýan aýdymlarymyň köpüsiniň sözlerini-de, sazyny-da özüm döredýärin. Ýurdumyzyň zehinli estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy 2021 bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda birinji şert boýunça Söýenim atly aýdymy ýerine ýetirdim.

Ikinji şertde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine döredilen Ýaşasym gelýär atly aýdymy aýtdym.Sungata bolan höwesim, söýgim, bildirilen ynam, aýdym-saz muşdaklarynyň tomaşaçylardyr diňleýjileriň ýylyň dowamynda ses berip goldamaklary meni bu uly üstünlige ýetirdi.

Bu üstünlik milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşant goşmakda jogapkärçiligimi has-da artdyrdy, mundan beýläk hem talapkär tomaşaçylardyr diňleýjileriň ynamyny ödemäge çalşaryn.Biziň ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň ýurdy.Nirede parahatçylyk, bagtyýarlyk, asuda durmuş höküm sürýän bolsa, şol ýerde hem sungat gülleýär. Şonuň üçin Türkmenistan aýdym-sazyň, mukamlaryň ýurdy, sungatyň rowaçlanýan ýurdy hasaplanýar.

Parahatçylygyň mekany hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň Arkadagy hormatly Prezidentimiz türkmen sungatynyňÝer ýüzünde dabaralanmagyna uly ähmiýet berýär.Munuň üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredýär.

Diýarymyzda geçirilýän şular ýaly bäsleşikler bolsa biz ýaş aýdymçylaryň sungat ýolunda barha kämilleşmegimize ýardam edýär.Nesip bolsa, mundan beýläk-de diňleýjileriň göwnünden turýan täze-täze aýdymlary döredip, türkmen sungatynyň ösmegine mynasyp goşandymyzy goşarys. Ýetip gelýän täze 2022-nji ýyl hem halkymyza egsilmez bagt, rysgal-döwlet, saglyk getirsin!

Sungatda, döredijilikde, sportda, umuman, ähli ugurlarda bize nusgalyk görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ýene degişli makalalar

Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Begenç Çaryýew 2021-nji ýylyň "Parlak ýyldyzy" boldy
Altyn asyr Rumyniýada ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi