Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan degişli şertnamalary boýunça öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň iş öndürijiliginiň durnukly artdyrylmagynyň üpjün edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenhaly döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi.Birleşigiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ak mermerden gurlan kaşaň binasynyň açylyp ulanylmaga berlendigi üçin halyçy gelin-gyzlaryň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň gadymdan gelýän amaly-haşam döredijilik sungaty bolan el halyçylyk sungatyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, geljekki nesillere ýetirmekde döwlet syýasatyny amala aşyrýan esasy edara hökmünde Türkmenhaly döwlet birleşiginiň häzirki wagtda alyp barýan işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen el halylarynyň öndürilişiniň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan bu milli gymmatlygymyzy giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak işlerini ýaýbaňlandyrmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde çykyş edýän Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmek işleriniň tassyklanylan Tertibe pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýdyp, biržanyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.Iş maslahaty Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowyň hasabaty bilen dowam etdi.
Ol ýurdumyzda geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdi.
Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisini hemde onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde gündelik işler alnyp barylýar. Şeýle hem internet saýtynda Baky Bitarap Türkmenistan atly ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisi öz işini dowam edýär.
Söwda-senagat edarasynyň işine daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyna laýyklykda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň işini kämilleşdirmek üçin netijeli çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyga söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow çagyryldy.Ol ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawlaryň hem-de milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär.Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda hem giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öňde goýlan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bagly jogapkärli wezipäniň durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz azyk harytlarynyň talaba laýyk saklanylmagyny hem-de terligi bilen ilata ýetirilmegini üpjün etmek üçin welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bar bolan sowadyjy ammarlardan ýerlikli peýdalanylmalydygyna hem-de olary döwrebaplaşdyrmak we kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi.Ministr döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça isleg esasynda önümleri öndürmek işi guraldy, çykarylýan önümleriň möçberleri, görnüşleri artdyrylýar, olaryň hiline uly üns berilýär.Içerki bazary bu pudagyň önümleri bilen doldurmak, türkmen dokma önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerleýiş bazarlaryny öwrenmek hem-de emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar, daşary ykdysady gatnaşyklary we marketingi ösdürmek boýunça çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ozal hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak işlerine yzygiderli üns berilmelidir, munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan durmuş ugry hökmünde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykarylýan önümleriň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, dokma senagaty ministrine anyk görkezmeleri berdi. Önümçilige sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de pudagyň işgärleri üçin amatly zähmet şertlerini döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.
Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş etdi.Ol azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň zerur bolan çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleler barada hasabat berip, gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda ýyladyşhanalary, maldarçylyk toplumlary gurmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi barada aýdyldy.
Mundan başga-da, Aşgabat-Türkmenabat aralygynda gurulýan iri möçberli taslama bolan awtobanyň tapgyrlaýyn ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň görkezmesine laýyklykda durmuşa geçirilýän iri taslama Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezini gurmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi, bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýerine ýetirilen işler barada habar berildi.Hususan-da, ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalaryň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aradan satmak-satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňelýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de umuman, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagynda hususy telekeçilige aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hilini hem-de ulanylmaga berilmeginiň bellenen möhletlerini berjaý etmek maksady bilen, degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow göni aragatnaşyga çagyryldy.
Wise-premýer ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt üpjünçiligini artdyrmak, ilatymyzyň giň görnüşli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak barada milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda söwda toplumynyň pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, aýratyn-da, oba hojalyk toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak işleriniň güýçlendirilmelidigini belledi.Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
The post Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.