Türkmenistandan baran alpinistler topary dünýäniň sekizinji beýik dagy diýlip hasaplanýan Gimalaý dagyndaky Manaslu (8163 m) gerşine üstünlikli çykmagyň hötdesinden geldiler. Dagyň gerşinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet baýdagy dikildi. Belentlige çykmak Nepal döwleti tarapyndan "Morinžgeologiýa" hyzmat ediş kärhanalar toparynyň Dolandyryş geňeşiniň başlygynyň orunbasary Arno Ter-Sankowyň ýolbaşçylygynda guraldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynyň habarynda aýdylýar.
Ekspedisiýanyň düzümine Türkmenistandan tejribeli alpinistler, şeýle hem Latwiýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdylar.Gatnaşyjylaryň ählisi Ewerest (8 848 m), K2 (8 611 m), Akonkagua (6 962 m), Ama-Dablam (6 814 m), Kilimanjaro (5 895 m), Ararat (5 165 m), Monblan (4 810 m) hem-de Matterhorn (4 478 m) ýaly uly belentliklere çykmakda ýokary tejribä eýedirler.
Bu belentlikleriň ählisinde hem Türkmenistanyň baýdagy dikilendigi bellenmäge mynasypdyr.
Morinžgeologiýa hyzmat ediş kärhanalary toparynyň belentlige çykan işgärleri Ýewropanyň iň uly deňizleriniň akwatoriýalarynda toplumlaýyn inžener-geologiýa barlaglaryny geçirmek boýunça öz ýerine ýetiren işleri bilen tanalýar. Kompaniýanyň hünärmenleri deňiz nebit-gaz taslamalarynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, şol sanda burawlama we suwasty turba geçirijilerini çekmekde ýokary ussatlyga eýedirler.
Şeýle hem Morinžgeologiýa kompaniýasy Dragon Oil ýaly halkara kompaniýalary bilen bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýar we Jeýtun hem-de Jygalybek ýataklarynda geologiýa-barlag işlerini geçirýär. Bu iş Türkmenistanyň deňiz nebit-gaz baýlyklarynyň üstünlikli özleşdirilmegine ýardam edýär.
Türkmen alpinistleriniň çykan Manaslu gerşiniň ady sanskrit dilinden Ruhlaryň dagy diýlip terjime edilýär.