Ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 38 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Ýaponiýada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşinde duşuşyk geçirdi.Oňa Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňyn meýdança öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň açyklyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny, bu ýörelgäniň Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz çykyşynyň başynda ýurdumyzyň synagdan geçen ygtybarly hyzmatdaşlary bolan ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine tüýs ýürekden salam bilen ýüzlenýändigini aýdyp, şu duşuşygy gurandyklary, ykdysady hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşyna, geljegine degişli pikir alyşmaga mümkinçilik berlendigi üçin ýaponiýaly dostlarymyza minnetdarlyk bildirýärin diýip belledi.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ösdürildi. ITOCHU, Kawasaki Heavy Industries, Mitsubishi, Sojits, Sumitomo hem-de beýleki korporasiýalar türkmen ykdysadyýetini, durmuş ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşdular we goşmagyny dowam edýärler. Olar energetika pudagynda, mineral serişdeleri çykarmakda, himiýa senagatynda, ulag we agrosenagat toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirýärler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy diňe soňky dört ýylyň içinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat kärhanalary işe girizildi. Şol kärhanalaryň hatarynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar diýip nygtady.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda-da Komatsu kompaniýasynyň bahasy 470 million amerikan dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny, şeýle-de Toyota kompaniýasynyň deslapky bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, hyzmatdaşlyk edýändikleri üçin Ýaponiýanyň işewür toparlaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady we bu ýagdaýa Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, ozaly bilen, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, “NEXI” ätiýaçlandyryş agentliginiň işjeň ýardam berýändigini belledi.

Umuman, ýapon maýa goýumlarynyň Türkmenistandaky jemi möçberi örän saldamly.Häzirki wagtda ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, 230 million ýewra we 17 milliard ýene golaý bolan 38 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.

Bu sanlar Türkmenistanda ýapon işewürligine, onuň geljegine we ýokary netijeliligine ynamyň uludygyny tassyklaýar, bu ynam üçin ähli esaslar bar.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň bardygyna garamazdan, Türkmenistan durnukly ykdysady görkezijileri bilen tapawutlanyp gelýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6 göterimden ýokary derejede saklanýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine her ýyl goýulýan maýa goýumlar jemi içerki önümiň, takmynan, 35-40 göterimine deňdir.Bu bolsa 17 milliard amerikan dollaryna golaýdyr.Munuň umumy möçberiniň 15 göterime golaýy daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fitch Ratings halkara bahalandyryş agentligi 2021-nji ýylda Türkmenistana B derejedäki gysga möhletli bahany we B+ durnukly derejedäki uzak möhletli bahany bermeginiň ýöne ýere däldigini, şu ýyl bu bahanyň ýene-de tassyklanandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ МИЛЛИ ГЕНГЕША ТУРКМЕНИСТАНА В ЯПОНИЮ
Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär
Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy