Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat...

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara özbaşdak durmuşa gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylyşlara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynda okalan Gutlagynda orta mekdepleriň okuwçylaryna ak ýol arzuw edildi.

Milli Liderimiz “Soňky jaň” dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde gujur-gaýratyny, zähmetini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Mekdepleri tamamlaýanlar hem-de olaryň mugallymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýokary bilimli, döwrebap garaýyşly hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala gelmegi, olaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy babatynda döredilen ähli mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamyny kämilleşdirmek milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygary astynda üstünlikli amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň wajyp bölegidir.

Uçurymlaryň mekdepde eýe bolan bilimleri olara saýlap alan hünärlerini ele almakda uly ýardam eder. Olar üçin täze özbaşdak durmuş ajaýyp döwürde — döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynda ägirt uly taryhy özgertmelere beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlanýar.

Ýene-de sanlyja günden uçurymlar üçin jogapkärli pursat — gutardyş synaglary başlanar. Orta bilim hakyndaky şahadatnama düýnki mekdep okuwçylarynyň öňünde uzak ýollary, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikleri açar.

Şu ýyl “Soňky jaň” dabaralarynyň giňden bellenilýän şanly sene — gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi nygtamaga mynasypdyr. Goşa baýrama öwrülen ajaýyp dabaralar ak mermerli paýtagtymyza aýratyn ruhubelentlik, şatlyk-şagalaň çaýdy, ony ajaýyp aýdym-sazlar hem-de dürli öwüşginli güller bilen bezedi.

Däp bolşy ýaly, ir bilen mekdepleriň iň gowy uçurymlary, ökde okuwçylar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şonuň ýaly-da bilim ulgamynyň işgärleri ýurdumyzyň iň täze taryhynyň hem-de onuň bagtyýar geljeginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy hem-de “Soňky jaň” mynasybetli dabaralary özünde jemlän bu ýatdan çykmajak günüň ahyrynda Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym onuň jemleýji senasy bolup ýaňlandy.Milli Liderimizi bu eseri döretmäge paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde Akhan atly meşhur bedewiň ilkinji taýynyň dünýä inmegi ruhlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň hut özi bu bedewi seýisledi. Şanly senäniň hormatyna taýçanaga Aşgabat ady dakyldy.

Hormatly Prezidentimiziň döreden bu goşgusy “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaba girizildi hem-de milli Liderimiziň agtygy Kerim bu goşga ýörite saz ýazdy. Ol baky juwan we bagy-bossan şäherimize uly söýginiň senasy bolup ýaňlandy.

Akhanyň hem-de Aşgabat atly taýçanagyň sahnada peýda bolmagy tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.

Konsert tamamlanandan soň, Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de “Soňky jaň” dabarasyna bagyşlanan ajaýyp feýerwerk paýtagtymyzyň agşamky asmanyna bezeg berdi.

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR
Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär