ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI

ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.

Meselem bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri – elektrobuslar we elektrotaksilar hereket eder. Şeýlelikde Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Ir bilen “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançany ählihalk baýramçylygynyň şowhuny gurşap aldy. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji “akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.

Meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlar bilen ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binanyň ýanyna bardylar we ony açdylar.

Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurulan we täze şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy – behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr.

“Akhan” binasynyň üstüni örtýän örtük aşak düşürlende dürli reňkli howa şarlary dabaraly saz astynda ýokary uçuryldy we binanyň esasynda bolsa suw çüwdürimleri işläp başladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna bardylar.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy.

Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde «Arkadag» binasynyň açylyşy boldy.

Ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi