Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.
Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.