3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmen Forum hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Halkara foruma Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Cargolux, Lufthansa Consulting ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, USAID Central Asia maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary, talyplar gatnaşdylar.
Söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de erkin senagat zolaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, halkara kommunikasiýalarda milli ulag kärhanalarynyň işine ýardam bermek, ýurdumyzyň döwlet edaralary, iri logistika institutlary bilen ulag-logistika ulgamlarynda ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň we serginiň esasy maksadydyr.