Ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Prezident Maksatnamasyndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada degişli hasabatlary diňledi hem-de öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylda Türkmenistan boýunça degişli meýdana ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleri ekildi. Şu günler azyklyk oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär.

Bulardan başga-da, milli Liderimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda miweli baglary we üzüm nahallaryny ekmek hem-de olaryň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Pudagyň sanly ulgama geçirilmegi, ekerançylaryň we maldarlaryň zähmetini höweslendirýän netijeli gurallaryň ornaşdyrylmagy bu işe ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kuwwatlyklary artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipelere ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew çykyşynda milli Liderimiziň yzygiderli goldaw-ýardam bermegi netijesinde, obasenagat toplumyny düýpli özgertmek, döwlet ekologiýa syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, ýer serişdelerini netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň, önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýurdumyzyň iň gowy tejribesini işjeň ulanmagyň möhümdigini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ministrligiň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede we elýeterli üpjün etmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden we zerurlyk bolan ýagdaýynda daşary ýurtlardan harytlary satyn almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem azyk önümleriniň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlaryň nyrhlaryna hem-de üpjünçiligine gündelik seljerme işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny zerur harytlar, ilkinji nobatda bolsa, azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol harytlar ilatymyza elýeterli bahadan hödürlenilmelidir.

Milli Liderimiz uly islegden peýdalanýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, ministre ýerli önüm öndürijilerden zerur harytlaryň yzygiderli satyn alynmagyna hem-de şolaryň ilat üçin elýeterliliginiň üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça hususyýetçileriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň hemaýat bermegi bilen ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2 göterime deň boldy.

Täze, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda guşçulyk pudagy işjeňleşdirilýär. Telekeçiler tarapyndan guş etini öndürmäge hem-de ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanmaga berildi. Şonuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap ýyladyşhanalaryň gurlandygy barada hasabat berip, şolarda dürli görnüşli gök önümleriň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa önümleriň ýetişdirilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm ekilip, ýokary hasylly saýlama görnüşli miweler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarlary bu önümler bilen doly üpjün edilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar, şolarda miweler kakadylýar hem-de senagat derejesinde miwe şireleri öndürilýär.

Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde gurulýan kärhanalarda süýji-köke önümleri, dürli içgiler, şöhlat önümleri, tomat goýaltmasy, maýonez ýaly önümler öndürilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegine ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de Watanymyzyň senagat we eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda uly orun berilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça badalga berlen giň gerimli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, birleşmäniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, gündelik sarp edilýän önümleriň öndürilişi barha artýar.

Häzirki wagtda sarp ediş bazarlarymyz öz öndürýän azyk önümlerimiz bilen üpjün edilýär. Bu ugurda geçirilýän çäreler azyk önümleriniň daşyndan getirilýän mukdarynyň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, günebakar ýagyny, mesge we margarin ýaglaryny, şeker, banan we sitrus ýaly daşyndan getirilýän miweleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny gurup, işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

TSTB-niň agzalarynyň tagallasy bilen, döwrebap tehnologiýalar, şol sanda suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 138-si gurlup, ulanylmaga berildi we şeýle desgalaryň ýene-de 147-siniň gurluşygy dowam edýär.

Bu ýyladyşhanalarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök önümler içerki bazarlary üpjün etmek bilen birlikde, eksporty artdyrmaga-da mümkinçilik berýär.

Ilatymyzy ýylyň ähli pasyllarynda ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar gurulýar. Şolaryň işe girizilmegi bilen bu önümleriň saklanýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleriniň obasenagat toplumynda üstünlikli işleýändiklerini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek babatdaky telekeçilik başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we azyk önümlerine bolan islegleri öwrenmek hem-de doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça-da birnäçe tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy yzygiderli seljerilýär we döwlet derejesinde geçirilmeli çäreler kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmegiň hem-de azyk önümleriniň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli bazarlary özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen mundan beýläk-de doly üpjün etmek maksady bilen, degişli düzümler tarapyndan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde oba hojalygyny ösdürmek hem-de bu ugurda yzygiderli özgertmeleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meseleler boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

22.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Azyk önümleriniň bahalary bilen bagly meseleler berk gözegçilikde saklanylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi