Ýurdumyzda awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler

2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, tegelek stol, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.Awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Awaza — dostluk mekany atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. Ýaňlan, Diýarym!

telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde Çalsana, bagşy!bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Bu barada 26-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Ýene degişli makalalar

Awgust aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi