Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar.Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär.
Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen wekiliýeti Wengriýada “Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar
Türkmenistan bilen Wengriýany hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlary bellemek gerek.Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa hormatly Prezidentimiz Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy.
Netijeli türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisini geçirmek teklip edilýär.Bellenilişi ýaly, wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7 — 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek “Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär.Wenger tarapy hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar bilen baglylykda, “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
2025-nji ýylda Çehiýanyň wekiliýeti ýurdumyza saparda bolar
Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri şu ýylyň 20-nji iýunynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Pragada geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine girizildi.Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary bilen hem duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe teklipler, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň ýa-da Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, 2025-nji ýylda Çehiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler taýýarlanyldy.
Buharestde hökümetara toparyň 8-nji mejlisini guralar
Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri hem Rumyniýadyr. 2008-nji ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň 5-si geçirildi.Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda duşuşyklar yzygiderli guralýar.
Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara topary hereket edýär, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ugurlardaky ýörite iş toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär.Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.
Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 17-18-nji iýulda Buharest şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Buharestde hökümetara toparyň 8-nji mejlisini guramak boýunça zerur işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda Rumyniýa ýokary derejedäki sapary guramak baradaky teklip beýan edildi.
Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçiriler
Ýurdumyzyň Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär.Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny, slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.