Ýupitere SpaceX bilen gider

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Ýupiteriň hemrasy Europa gitmek üçin SpaceX kompaniýasynyň raketasyndan peýdalanar.Taslamany durmuşa geçirmek üçin 178 million dollarlyk şertnama baglaşyldy. 2024-nji ýylda durmuşa geçiriljek taslamanyň çäklerinde asman jisiminde ýaşaýşyň alamatlary gözlener.

Alymlar Europa-nyň buzly örtüginiň astynda ummanyň bolup biljekdigini çaklaýarlar.Taslamanyň çäklerinde uçuryljak Falcon Heavy atly göteriji raketa asman jisiminiň ýanyndan 45 gezek geçip, oňa 26 km golaýlar. Şeýlelikde, asman jisiminiň ýüzi ýokary durulykdaky surata alnar, buzly gatlagyň düzümi we galyňlygy anyklanar, ýerasty ummanyň çuňlugy ölçener.

Falcon Heavy atly raketa göterilen wagty sekiz sany Boeing 747 uçarynyňka barabar bolan ýagny, 2 müň 300 tonna güýji emele getirýär.

2002-nji ýylda esaslandyrylan SpaceX kompaniýasy kosmosda ylmy işleri ýerine ýetirmeýär. Emma kosmosa ýük we astronom uçuşlaryny amala aşyrýar. Şeýle hem kosmos arkaly internet üpjünçiligini ýola goýýar. Kompaniýanyň işläp taýýarlan Crew Dragon atly kosmos gämisi ilkinji gezek geçen ýyl NASA-nyň astronawtlaryny Halkara kosmos bekedine äkidipdi.

Ýene degişli makalalar

7-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Ýewropa kosmosa dolandy
“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi