Yupekchi Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food sergisinde BOLD Mango-kokos içgisini tanyşdyrýar

Yupekchi Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food sergisinde BOLD Mango-kokos içgisini tanyşdyrýar

Türkmenistanda alkogolsyz içgileri öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan Yupekchi hojalyk jemgyýeti şu günler Aşgabatda geçirilýän häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food halkara sergisine gatnaşýar.

Sergä tomaşa etmäge gelýän myhmanlar bu ýerde Yupekchi HJ-niň Bold, Bulvar, 7gen, Real, Buzz, Pökgi ýaly meşhur içgileri bilen tanşyp bilerler.

Kärhana soňky ýyllarda önümleriniň görnüş hataryny täze içgiler bilen yzygiderli baýlaşdyrýar. Muny bolsa kärhananyň agzalan sergide täze önümini — witaminleşdirilen, gazly, düzümi şireli bolan BOLD Mango-kokos içgisini hödürlemegi hem aýdyň görkezýär.

Yupekchi kärhanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlardaky sergilere işjeň gatnaşmak bilen, halkara bazarda hem meşhurlyga eýe bolýar. Häzirki günlerde Yupekchi hojalyk jemgyýeti Baku şäherinde geçirilýän InterFood Azerbaýjan halkara sergisinde gazlandyrylan we miwe şireli içgileriniň hataryny hödürleýär.

Önümçilik çygrynda gazanýan üstünliklerini dürli platformalarda yzygiderli tanyş etmek bilen, Yupekchi kärhanasy alyjylar köpçüligine ýokary hilli önümlerini ýetirýär, işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyryp, bazardaky işjeň hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeldýär.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
Aşgabat şäherinde Agro-Pak Türkmenistan ― 2024 we Turkmen Food ― 2024 halkara sergileri öz işine başlaýar
Ertir Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açylar
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Maý 2024: Aşgabatda “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi geçiriler