ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Lebap welaýatynda okuw maslahaty geçirildi

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Lebap welaýatynda okuw maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmäge we olaryň töwekgelçiligini azaltmaga bagyşlandy. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, oňa welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alşyldy, täsirli çykyşlar diňlenildi.

Çykyş eden wekiller dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünlerini düşündirdiler. Şeýle hem dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmenistandan Türkiýä goşmaça ynsanperwerlik kömegi iberildi
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýertitreme zerarly haýyr-sahawat bank hasabyny açdy
Türkmen zenanlarynyň adyndan, ýertitremede ejir çeken türkiýeli çagalara ynsanperwerlik kömegi ugradyldy
Raýatlar gan tabşyrmak üçin Gan tabşyrmak merkezlerini doldurdylar