ÝUNISEF: "Gazada suw gutardy" diýdi

ÝUNISEF: "Gazada suw gutardy" diýdi

BMG-nyň Çagalara Ýardam gaznasy ÝUNISEF-iň X platformasyndan beren beýanatynda: "Gazadaky maşgalalara we çagalara päsgelçiliksiz kömek berip bolar ýaly, gyssagly ynsanperwer ýaraşyk gerek" diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Palestinaly çagalara ýardam agentligi UNRWA Gaza ýangyç ugradylandygy bilen bagly habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi.

UNRWA-da resmileri biri Gaza 7-nji oktýabrdan bäri ýangyjyň, azygyň, suwuň ugradylmandygyny, ol şähere hiç hili üpjünçiligiň girmändigini aýtdy.

Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi.

Gazadan Ysraýyla tarap müňlerçe raketa atylan bolsa, ýaragly toparlar hem sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine giripdi.

Ysraýylyň goşuny harby uçarlary bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar
Ysraýylyň goşuny Gazada ýaraşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýär
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy