ÝUNESKO Wenesiýany ýitmek howpy abanýan obýektleriň sanawyna girizmäge çagyrdy

ÝUNESKO Wenesiýany ýitmek howpy abanýan obýektleriň sanawyna girizmäge çagyrdy

ÝUNESKO Wenesiýany Bütindünýä mirasynyň ýitmek howpy abanýan obýektleriniň sanawyna girizmäge çagyrdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Eýýäm ikinji gezek şeýle teklip bilen çykyş edýän guramanyň hünärmenleriniň pikiriçe, şäheriň infrastrukturasynyň ösmegi, howanyň üýtgemeginiň netijeleri, şeýle-de köpçülikleýin jahankeşdelik Wenesiýanyň özboluşly ählumumy gymmatlygyna düzedip bolmajak derejede howp salýar. Şunuň üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras merkezi şäheri ýitmek howpy abanýan Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagy teklip edýär. Guramanyň agzalary bu teklibe güýzde geçjek ýygnakda gararlar diýip, AFP habar berýär.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Täze ada peýda boldy
Şäher merkezine girmek tölegli edildi
Wenesiýany ýitmek howpy abanýan desgalaryň sanawyna goşmakçy
80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy
Dünýäniň reňkli myhmanhanalary