Bütin dünýäde uly ýaşlylaryň, takmynan, 770 milliony okap ýa-da ýazyp bilmeýär, olaryň üçden iki bölegi bolsa zenanlar. Bu barada ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odri Azule uly ýaşlylaryň bilimi boýunça 7-nji halkara konferensiýasynda aýtdy.
BMG-niň we ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, ilatyň sowatlylygy taýdan iň kyn mesele Afrika ýurtlarydyr.Bu görkeziji boýunça antikord Somali degişlidir, bu ýerde ilatyň 15 we ondan uly ýaşlylaryň arasynda diňe 5%-i okap we ýazyp bilýär.
Ikinji orny Çad (22%), üçünji orny Mali (31%) eýeleýär. 2019-njy ýylda dünýä ilatynyň 86%-den gowragy sowatlydy. 1979-njy ýylda diňe 68% okap we ýazyp bilýärdi. Şeýle-de bolsa, ÝUNESKO-nyň habaryna görä, koronawirus pandemiýasy köp ýurtda bilime päsgelçilik döretdi.
Guramanyň maglumatlaryna, sanitariýa ýagdaýy sebäpli mekdepleriň ýapylmagy netijesinde, ýarym milliarddan gowrak adam okamagy we ýazmagy öwrenmegi dowam etdirip bilmedi.