Hytaýyň Fuçžou şäherinde geçirilen maslahatda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna täze ýerler girizildi. Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden jemi 13 desga hem-de 3 tebigy miras girizildi. Olaryň arasynda Hytaýyň port şäheri, Ispaniýadan bir şaýol, Hindistandaky taryhy buthana, Perudaky gadymy obserwatoriýa we beýleki ýerler bar.
ÝUNESKO medeni, tebigy we taryhy gymmatlyklary gorap saklamak, olary dünýä jemgyýetçiligine tanatmak üçin 1978-nji ýyldan bäri şeýle sanawy taýýarlaýar. Bu sanawa girizilen ýerler umumadamzat gymmatlygy hasaplanýar. Sanawa täze goşulan ýerler barada gysgaça maglumatlar şulardan ybarat:
Perunyň demirgazygyndaky Gün obserwatoriýasy Adamyň dörediji zehininiň esasy eseri diýlip atlandyryldy. Çöllük meýdandaky Chankillo atly gadymy desga 2 müň 300 ýyl ozal bina edilipdir. Bu ýerde miladydan öňki 250-200-nji ýyllar aralygynda ýaşaýyş bolupdyr. Taryhy eserleriň arasynda depäniň üstündäki 13 sany diň hem bar. Bu diňler ýylyň belli günlerini anyklamak we ýyl hasabyny ýöretmek üçin gurlupdyr.
Hytaýyň gadymy kenarýaka şäheri bolan Sýuançžou bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň esasy düşelgeleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde gadymy köprüler, Hytaýdaky iň köne metjitleriň biri, şähere mahsus ähli binalar gurlupdyr.
Ispaniýanyň Madrid şäherindäki Paseo del Prado şaýolunyň ugrunda hem-de Retiro seýilgähiniň töwereginde uly muzeýler, suw çüwdürimleri bolup, bu ýer XV asyrdan bäri durmuşyň gaýnap joşýan ýerleriniň biri hasaplanýar.
Belgiýadaky we Niderlandlardaky haýyr-sahawat toplumlary Senagat öwrülişigi döwründe mätäç adamlara kömek etmek maksady bilen gurlupdyr.
XVII asyrda Amsterdamda gurlan suwasty dälizler häzirki wagtda hem durkuny saklaýar.
Hindistanyň Telangana welaýatyndaky Ramappa buthanasy XIII asyrda gurlupdyr. Häzire çenli saklanyp galan binanyň gurluşygy 40 ýylda tamamlanypdyr.
Trans-Eýran demir ýol ulgamy hem sanawa goşulan täsin ýerleriň biridir. Gurluşygyna 1929-njy ýylda başlanan ýol Pars aýlagy bilen Hazar deňziniň kenarlaryny birikdirýär.
Saud Arabystanyndaky gadymy Hima medeni meýdanynda saklanyp galan daşlarda 7 müň ýyl ozal çekilen suratlar bar. Soňky ýyllarda çekilen şekillerde güller we haýwanlar suratlandyrylypdyr. Bu meýdan häzirki wagtda hem süýji suwly guýulary bolan gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Müsned şäherindäki bu meýdançada nabateýçe, günorta arapça, semudikçe, grekçe we arapça ýaly birnäçe dilde ýazylan ýazgylar bar.
Çilidäki dünýäniň iň köne mumiýalary hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bilermenler bu ýerde mumiýalamak usulynyň Müsürden müňlerçe ýyl ozal oýlanyp tapylandygyny belleýärler.
Italiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Paduýa şäherindäki taryhy meýdanda 1302-1397-nji ýyllar aralygynda sungat ussatlary tarapyndan dürli suratlar çekilipdir. Belli suratkeşleriň diwarlarda galdyran suratlary onda soňky sungat ussatlaryna hem ylham beripdir.
Türkiýäniň Malatýa welaýatyndaky Arslantepe depesinde irki döwürlerdäki birnäçe medeniýete degişli heýkeller we beýleki eserler saklanyp galypdyr.
Fransiýada Žironda derýasynyň Atlantik deňzine guýulýan ýerinde XVII asyrda gurlan Cordouan maýagy hem sanawa girizildi. Kiçijik adanyň üstünde gurlan desganyň beýikligi 68 metre, diametri 45 metre barabar. Bu maýak häzirki wagtda hem ulanylýar.
Meksikanyň Tlaskala ştatyndaky Franciscano buthana toplumy we onuň çägindäki Nuestra Seniora de La Asuncion kafedraly hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýlelikde, häzire çenli Meksikadan bu sanawa girizilen ýerleriň sany 36-a ýetdi.
Tebigy ýadygärlikleriň
sanawyna girizildi
Bu ýylky sanawa Koreýa Respublikasyndaky joşgun-gaýtgyn tekizlikleri, Taýlanddaky daglyk Kaeng Kraçan tokaýy we Gruziýada Gara deňziň kenaryndaky Kolşik tokaýlyklary girizildi. Şeýle hem Braziliýadaky Roberto Burle Marx sebitiniň tropiki baglary tebigy sanawa goşuldy.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda jemi 1121 sany medeni we taryhy gymmatlyk bar.