Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleridir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çägindäki işleriň anyk netijeleri barada durup geçdi we geljekde amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.
Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.Köpmilletli medeni gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna taýýarlamak we girizmek boýunça Türkmenistanyň işjeň hereketleri babatda hem nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl üç sany hödürnama boýunça, hususan-da, Türkmen keşdeçilik sungaty, Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri we Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Mundan başga-da, şu ýylyň maý aýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň Dünýä hakydasy halkara sanawyna girizildi. Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 80-den gowrak diwanyndan ybarat bolan bu goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanyň çäginde ýaýradylan eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar.
Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň çäginde Türkmenistanyň ýakyn geljekdäki hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň käbir ugurlary boýunça netijeli pikir alyşyldy. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar 2021 — 2023-nji ýyllar aralygynda
ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik geňeşiniň Ýerine ýetiriji toparynda Türkmenistanyň agzalygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Geljek ýyl TÜRKSOÝ-a girýän ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň 10-njy mejlisini Aşgabatda geçirmek boýunça pikir alyşyldy.
Şeýle hem ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty hödürnamasyny girizmek boýunça möhüm ädimler barada nygtaldy.
ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň direktory, öz gezeginde, Guramanyň medeni mirasyň ählumumy hazynasyna goşant goşýan milli medeni mirasymyzy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermäge mundan beýläk hem taýýardygyny tassyklady.