23-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň ösüşiniň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak üçin türkmen sungatlaryny, däp-dessurlaryny hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň artdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň giňeldilmegi hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meselelere seredildi.
Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew, Aşgabat şäher häkiminiň orunbasary M.Geldiýewa dagylar çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň gidişi barada maglumat berildi.Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly gadymy türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagynyň ähmiýeti barada nygtaldy.
Bulardan başga-da, Aşgabat şäherini Dizaýn döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak meselelerine seredildi.