ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklary boýunça ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Meýilnamasynda öňde goýlan wezipeler boýunça maglumat diňlenildi.

Mejlisiň gün tertibiniň indiki meselesi boýunça Türkmenistanyň adalat ministri M.Taganow çykyş etdi. ÝUNESKO klublarynyň hukuk esaslaryny işläp düzmegiň wajyplygy barada aýtmak bilen, ministr ÝUNESKO klublarynyň işine degişli bolan kadalaşdyryjy çygyrlary berkitmegiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen Türkmenistanyň çägindäki ÝUNESKO klublarynyň arasyndaky gatnaşyklary ulgamlaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Türkmenistandaky klublary barada Düzgünnamanyň taslamasyna garadylar we makulladylar.

Bellenilişi ýaly, ekologiýa pudagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň tebigy mirasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselesi gozgaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň Hazar deňziniň günorta kenarýaka zolagynda ýerleşen gadymy Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny hem-de Ýangy gala kanýonyny dünýä derejesindäki tebigy geologik ähmiýetli ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Işçi toparynyň alyp barýan işleri barada hasabaty diňlenildi.

Mejlisiň ÝUNESKO-nyň döredilen güni geçirilmeginde aýratyn many bar.Mundan 79 ýyl ozal, 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) döredildi. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e85429f0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e85429f0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi
27.12.2017 | “Türkmengaz” döwlet konserniň alymlary gaz pudagynyň toplumlaýyn ösdürmeginiň täze maksatnamasyny işläp taýýarladylar
“Türkmengazyň” alymlary gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarladylar
Gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasy: ýokary tehnologiýalar we eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak