ÝuNESKO-nyň bilermenleri maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ugurlary boýunça okuw türgenleşigini geçirýärler

Çeperçilik akademiýasynda maddy däl medeni mirasy saklap galmagyň we wagyz etmegiň meseleleri boýunça dört günlük okuw başlandy. Belli bir diňleýjliler toparyna niýetlenen okuw türgenleşigi ÝuNESKO-nyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki Maddy däl medeni miras müdirliginiň howandarlygynda geçirildi.

Oňa degişli ylym-bilim düzümleriniň we medeniýet edaralarynyň hünärmenleri: Çeperçilik akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekilleri, Arheologiýa we etnografiýa institutynyň, şeýle hem Türkmenistan YA-nyň Golýazmalar institutynyň, Döwlet muzeýiniň we Ahal welaýatynda ýerleşýän sergi merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

ÝuNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Ester Kuiş Laroş duşuşygyň hormatly hormatly myhmanlarynyň biri boldy. Okuw türgenleşigini Bolgariýa Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we folkloristika institutynyň dosenti Nikolaý Wukow alyp barýar.

Okuw tapgyrynyň gün tertibi işi maddy däl medeni miras elementlerini taýýarlamak, öwrenmek we ýaýratmak, bu ulgamda ylmy barlaglaryň ugry bilen baglanşykly adamlary tanyşdyrmakdy.

Bu seminar ÝuNESKO-nyň edarasyyň goldamagynda Müdirligiň başlangyjynda 2015-nji ýylda başlanan birinji seminarlar tapgyrynyň dowamydyr. Şol ýylyň özünde hem bu mesele boýunça sebit seminar-okuw türgenleşikleri gurnaldy.Bu ýyl bolsa bäsleşik yglan edildi, onuň jemini dekabryň soňky on günlüginde jemlemek göz öňünde tutulýar.

Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Jemile Gurbanowanyň belleýşi ýaly, bu başlangyç köpleri gyzklandyrdy.Bäsleşige milli aşhana, amaly-haşam sungaty bilen baglanşykly özboluşly ideýalary teklip eden ýüzden gowrak adam gatnaşdy.

Tematiki duşuşykda halyçylyk sungatyna uly üns berildi, şonuň üçinem diňleýjileriň arasynda bu ulgamda işleýän ylmy barlagçylary we beýleki hünärmenler bardy. Sapaklarda maddy däl gymmatlyklary hasaba almak; Reprezentatiw sanawy düzmek; maddy däl medeni mirasy babatda amaly maslahatlar, resminamalar we ylmy barlaglar ýaly ugurlaryna garaldy.

Okuw-türgenleşikleriň barşynda netijeli gatnaşyklara ýardam edýän multimediýa tanyşdyrylşy we söhbetler ulanyldy.

ÝuNESKO-nyň Tührandaky sebit edarasynyň direktory Ester Kuiş Laroş 2001-nji ýyldan başlap, iş saparlary bilen ýurdumyza ýygy-ýygydan gelýär. Geçen ýyllarda onuň gatnaşmagynda bilim we medeniýet ulgamynda döwrebaplaşdyrmak, şol sanda innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen baglanşykly başlangyçlaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Bu gezek biz 2003-nji ýylda kabul edilen maddy däl medeni mirasy saklap galmak boýunça Konwensiýanyň çäklerinde ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny taýýarlamaga goldaw bermegi göz öňünde tutýarys,-diýip Ester Kuiş Laroş nygtady.

Türkmenistan 2011-nji ýylda Konwensiýany tassyklady we şondan soň Medeniýet ministrliginiň düzüminde Maddy däl medeni miras müdirligi döredildi, ÝuNESKO onuň bilen netijeli gatnaşygy ýola goýdy.

Şu seminarda biz haly sungaty ussatlary bilen duşuşýarys, olar asyrlarboýy aýawly saklanylan bilimlerini we başarnyklaryny öwretmekleri gerek. Şunuň bilen baglanşyklylykda Görogly şadessany türkmen halkynyň dessançylyk sungatynyň nusgasy hökmünde 2015-nji ýylyň dekabrynda ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy Sanawyna goşuldy.

Nowruzy, milli saz gurallaryny ýa-da ... lawaşy şeýle mysallar hökmünde görkezmek bolar. Onuň baýram edilmeginiň, gurallaryň owazynyň we taýýarlanşynyň her ýurt üçin öz aýratynlygy we ýörelgeleri bar.

Men Türkmenistana gelmegi halaýaryn, çünki ýiziň ýurduňyzda taryhy-medeni mirasa aýawly garamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr, muňa indiki ýylyň: Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ şygary sebitde ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki işimizi kesgitlär. Möhüm wezipeleriň biri—Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň medeni-taryhy gatnaşyklaryny ylmy taýdan öwrenmekdir.

Bolgariýa Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we folkloristika institutynda işleýän halkara maslahatçy Nikolaý Wukow ýurdumyza ilkinji gezek gelip gördi. Okuw türgenleşigini açyp, ol şeýle diýdi:

-Men türkmen kärdeşlerim bilen işleşmek mümkinçiligne begenýärin. Maddy däl medeni mirasy saklap galmak we köpeltmek tematikasy boýunça netijelri gatnaşyklara umyt bildirýärin. Meniň işim, şol sanda, etniki däpleri öwrenmek bilen baglanşyklydyr. Siziň ýurduňyza gelen ilkinji pursadymdan türkmen halkynyň sahawtlylygyna, hoşamaýlygyna we açyklygyna gabat geldim.

Biziň maksadymyz--lokal, sebit we ählumumy derejelerde maddy däl medeni mirasyň sanawyny taýýarlamak işini ara alyp maslhatlaşmakdyr.Şu ugurda medeni ýörelgeleriň esasy gaznasy bolan ilatyň tagallasy möhümdir. Şeýle seminarlary men Özbegistanda, Albaniýada, Makedoniýada, Belarusda hem geçirdim. Biziň duşuşygymyzyň medeni mirasy öwrenmek we ýaýratmak ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder diýip umyt bildirýärin—diýip Nikolaý Wukow gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Argentinada Ýer Titredi
Diňle: Esgerleriň ýatak jaýlarynda mör-möjekler köpelýär, şahsy düzümiň arasynda deri keselleri ýaýraýar
Balkanda mejbury zähmete, pagta ýygymyna çekilen birnäçe esger gullukdan gaçdy
Eýranda Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Esger Ýogaldy
Tunjelide 4 Esger Şehit Boldy
Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar