ÝUNESKO-da çaý güni bellendi

ÝUNESKO-da çaý güni bellendi

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda düýn çaý güni bellendi, özem bu şu ýylda eýýäm ikinji gezek diýip, Habar 24 ýazýar.

Her sekuntda dünýäde 130 kilogram çaý öndürilýär, soňky ýyllarda bütin dünýäde bu içgini halaýanlaryň sany barha artýar. Ol birgiden däpleri özünde jemleýär, şonuň üçin geçen ýyl çaý içmek medeniýeti Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şondan bäri ÝUNESKO-da bu gün uly çaý içişlik bilen baýram edilýär.

Dünýäde çaýy öndüriji ýurtlar öz nobatynda ony esasy sarp edijiler hem bolup durýarlar. Mysal üçin, Keniýada çaý içmek aýratyn däpleri özünde jemleýär. Bu ýerde köplenç süýtli çaý içilýär. Ewa Maýna, Keniýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekiliniň orunbasary şeýle gürrüň berýär: - Keniýada islendik öýe myhman bolsaňyz, ilki bilen size Karibu çaý, ýagny Bir käse çaýa hoş geldiňiz diýerler.

Çaý içişlik bu gün hemmeleri birleşdirýän parahatçylyk däbine öwrüldi diýilse-de bolar. Ol telekeçileri, maşgalalary, dostlary, umuman, dünýädäki ähli adamlary birleşdirýär. Hoşboý ysly bir käse çaýyň başyndaky söhbet ýatlary dostlaşdyrýar, täze tanyşlyklara ýol açýar.

ÝUNESKO-da hem çaý içişlik gününiň geljekde bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek üçin ýene bir däp boljakdygyna ynanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylara Russiýa syýahat etmek üçin elektron wiza berler
“Time” iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündogar Gara deňizden ýylyň ilkinji 7 aýynda 25 ýurda deňiz önümleri eksport edildi
Türkmenistan Russiýa elektron wiza almak mümkinçiligi döredilen ýurtlaryň sanawyna girdi
Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy