ÝUNESKO-da 75 ýyllygy mynasybetli guramanyň gazanan üstünlikleri barada sergi açyldy

ÝUNESKO-da 75 ýyllygy mynasybetli guramanyň gazanan üstünlikleri barada sergi açyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň 75 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri we taslamalary barada gürrüň berýän sergi onuň Pariždäki ştab-kwartirasynda açyldy. Ekspozisiýa ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasynyň başlanmagyna gabat getirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Umuman alanyňda, myhmanlar 150 töweregi eksponaty görüp bilerler. Ekspozisiýa guramanyň döredilmegi, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak, bilim arkaly dünýäni üýtgetmek, adamzat mertebesini goramak, bilim almak we olar bilen paýlaşmak barada gürrüň berýän ýedi zolaga bölünýär.

Diwarlyklarda guramanyň ýygyndysyndan taryhy barada gysgaça gürrüň berýän resminamalar, suratlar, plakatlar we predmetler görkezilýär. Olaryň arasynda özboluşly obýektler, meselem, ýerli ilat tarapyndan ulanylan, taýaklardan we balykgulaklardan ýasalan Marşall adalarynyň kartasy, dünýä halklarynyň aýdymy bilen diwarlyklar, seýrek kitaplar bar. Ýakyn günlerde ekspozisiýa Portugaliýanyň Aroka geoseýilgähinden trilobidiň daşa öwrülen çanagy goşular. Mundan başga-da, ylmy bölümde Afrika yklymynyň geologik kartasy hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
Odessada Türk Ýük Gämisi Bombalandy
ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi
Hindistanda Baş ştabyň başlygynyň ýogalmagy bilen netijelenen hadysa derňelmäge başlandy
Türkiýäniň Ilkinji Uçar Zawody
Disney 2024-nji ýylda Marvel kinoälemi boýunça dört film çykarar