ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder

ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri atly milli Hödürnamasyna Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde serediler.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň metbugat beýanatyna görä, bu çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşýar.

Sessiýanyň dowamynda jemi 55 täze hödürnama gözden geçiriler. Olardan 45-si adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna, 6-sy gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni miras sanawyna hödürlendi.

Çärä 181 döwletiň wekilleri, hökümete dahylsyz guramalaryň we medeni guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
Botswananyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy