ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi

ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi

ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule halkara jemgyýetçiligini her bir çaganyň bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça tagallalary “kollektiw mobilizlemäge” çagyrdy. Bu barada BMG-niň saýty belleýär.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, mekdebe barmaýan çagalaryň köpüsi Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda ýaşaýar.Ol ýerde 98 mln gyzyň we oglanyň okamaga mümkinçiligi ýok.Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynda 85 mln çaga mekdebe gitmeýär. ÝUNESKO şeýle görkeziji bilen halkara jemgyýetçiliginiň 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ýokary hilli bilimi göz öňünde tutýan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kyn boljakdygyndan çekinýär.

Pandemiýanyň iň ýokary derejesinde, takmynan, 1,6 mlrd mekdep okuwçysy we talyp bilim almagyny bes etmäge mejbur boldy.Pandemiýa sebäpli mekdepleriň ýapylmagy bilim almakda nogsanlyklara sebäp boldy.Pes we orta girdejili ýurtlarda 10 ýaşly çagalaryň, 2019-njy ýyldaky 57% bilen deňeşdirilende, 70 göterimi ýönekeý teksti okap bilmeýär.

19-njy sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda bilimi özgertmek boýunça sammit geçiriler. Bu sammit bu möhüm meselelere garamak üçin dünýä liderlerini, ýaş adamlary we bilim prosesine gatnaşýan ähli gyzyklanma bildirýän taraplary bir ýere ýygnajak ilkinji çäre bolar.

Ýene degişli makalalar

Rabat şäheri Bütindünýä kitap paýtagty saýlandy
Jemgyýetiň ösüşine medeniýetiň goşandy
Ýene on ýyldan dünýäde suw ýetmezçiligi dörär diýlip çaklanylýar
Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy