Ýüzýän şäher gurlar

Maldiw Respublikasynyň paýtagty Male şäheriniň golaýyndaky ummanyň ýüzünde gurulýan täze şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi bina edilip, olarda 20 müňden gowrak adam ýaşar.On ýyldan bäri meýilleşdirilýän şäher ahyrsoňy kemala gelip başlady. Ýaşaýjylar 2024-nji ýyldan başlap bu ada göçüp gelerler we onuň gurluşygy 2027-nji ýyla çenli doly tamamlanar. Ýüzýän şäheriň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalary, garbanyşhanalary we gämi duralgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Ol özboluşly ýüzýän desgalaryň birnäçesinden ybarat bolup, ada şekilinde döredilen ilkinji şäher bolar.Maldiw Respublikasy bu şäheri gurmak üçin Dutch Docklands kompaniýasy we Waterstudio binagärlik firmasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýüzýän şäheriň taslamasy düzülende ekologiýa ýagdaýlar, has takygy, ählumumy maýlama bilen baglylykda, deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanan halatynda ýüze çykjak ýagdaýlar hem göz öňünde tutuldy. Çünki Maldiw adalarynyň 80 göterimi deňiz derejesinden bir metrden ýokary bolmadyk beýiklikde ýerleşýär.Şäheriň taslamasyny düzen inženerler köp sanly meseleleri, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek meselesini hem çözmeli boldular.

Munuň özi şeýle uly möçberli ýüzýän desgalary gurmakda has-da möhümdir. Şunda ilkibaşda ähli zady, şol sanda, tolkunlaryň güýjüni, adatdan daşary howa ýagdaýlaryny, geljek 100 ýyl üçin deňziň derejesiniň ýokarlanmagyny göz öňünde tutmak zerurdyr diýlip, Waterstudio firmasynyň saýtynda bellenilýär.Ýüzýän şäherde esasy ulag serişdesiniň gaýyklar boljakdygy sebäpli, şäheriň içinde köp sanly ugurlar bolar. Şäherde diňe welosipedler, baggi görnüşli kiçijek ulaglar we skuterler sürler. Ýüzýän şäheriň jaýlarynyň ilkinjisi ýakyn günlerde satlyga çykaryljakdygy habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Maldiw adalaryna gezelenç
Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Soňky minutlarda gazanylan ýeňişler
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy